Turkmenyigidi
15.06.2021 16:16
Hytaýyň ýaşaýjysy Ýu Szýansýa öz kirpiklerini rekord derejä çenli ösdürmegi başardy. Onuň çep gözüniň ýokarsynda ösýän iň uzyn kirpigi 20,5 santimetre ýetýär. Bu barada news.mail.ru ýazýar.

Ýunyň beýleki kirpikleri ondan sähel gysgarak. Muňa garamazdan, olar gözüň goraýjy «çarçuwasyny» däl-de, uzyn saçlary ýatladýar.
Ýu Szýansýa baryp 2016-njy ýylda meşhur boldy. Şonda onuň kirpikleriniň uzynlygy 12,4 santimetre ýetýärdi — diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi ol özüniň şahsy rekordyny täzeledi.
Hytaýly zenanyň kirpikleri 2015-nji ýylda duýdansyz ösüp başlady. Lukmanlar bu kadadan çykmanyň sebäbini düşündirip bilmediler. Ýunyň ýakynlarynyň hiç birinde beýle uzyn kirpikler ýok, şonuň üçin-de ol bu aýratynlygyny «Buddanyň sowgady» hasaplap, olardan gaçyp-gutulmak hakynda pikir hem etmeýär.
Onuň sözlerine görä, adatdan daşary uzyn kirpikler onuň gündelik durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirmän, gaýtam, kömek edýär. Meselem, oňa gözlerini uly görkezmek üçin dürli görnüşli kosmetiki serişdeleri ulanmak zerurlygy ýok. Päsgel bermezligi üçin bolsa, Ýu öz kirpiklerini gulaklarynyň arkasyna geçirip goýýar.
9
148
Nazzydade
15 Iýun 2021
Yoklay gelip indi yashynyn ahyrymda osaymelimi ol rekorda girmek uc herzat etyalerlay adamlar ashakdaky posta gorkezilshi yaly dyrnak osdurup nama geregay sol
guli_
15 Iýun 2021
Bah😟
ideallider
15 Iýun 2021
SimpleGirl, Genetiki üýtgeşme bolaýmasa🙂👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Iýun 2021
Bäh. Näme üçin ösýärkä?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.