Näme sebäpden uklamazdan öň aýdym diňlemeli däl?
14.06.2021
1
Peýdaly
13
1 352
Adamlaryň aglabasy lezzet almak üçin uzakly gün we ýatmazynyň öň ýanynda aýdym diňleýär. Eger-de ukyňyzda mesele döretmejek bolsaňyz, ýatmagyňyzdan öň ony diňlemekden saklanmaly.

Bir gezek Beýlor uniwersitetinden ukyny öwreniji Maýkl Skallin kellesinde galan aýdym bilen ýarygije oýanýandygyna göz ýetiripdir. Şoňa görä-de, ol aýdymyň, aýratyn-da, gapdaldan goýulýan sazyň ukynyň adaty kadasyna nädip täsir edýändigini öwrenmek isläpdir.
Alym az öwrenilýän mehanizmde ünsüni jemledi: haçan-da aýdym ýa-da saz adamyň aňynda gaýtalanyp durmagy bilen döreýän biygtyýar aýdym obrazlary. Adatça, bu hadysa adam oýa wagtynda ýüze çykýar, ýöne Skallin onuň ukynyň dowamynda-da ýüze çykyp bilýändigini öwrendi.

«Biziň beýnimiz aýdym diňlenilmeýän wagtda-da ony täzeden işleýär. Bu hadysa haçan-da biz uklanymyzda hem togtamaýar» diýip, alym aýdýar. Onuň sözlerine görä, adam näçe köp aýdym diňledigiçe, onuň kellesinde biygtyýar gaýtalanýan aýdymlar ýer edýär, olary «kowmak» bolsa ýeňil düşmeýär. Şu hadysa dörände, siziň ukuda kynçylyk çekmegiňiz mümkin.

         Àýdym uklamaga kömek etmeýär
Ukynyň neýrobiologiýa barlaghanasynda 209 adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmalar we 50 sany meýletinçiniň endiklerini has anyk öwrenmek  arkaly gyzykly maglumat ýüze çykaryldy. Gijelerine kesellesinde aýdymlar biygtyýar gaýtalanyp durýanlarda ukynyň bozulmak mümkinçiligi bu hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolmaýan adamlaryňkydan 6 esse ýokarydyr.

«Hemmeler diýen ýaly aýdym olaryň ukusyny gowulandyrýandyr diýip pikir edýärdiler, ýöne biz köp aýdym diňlänleriň ukusyny asla gowy almaýandygyny ýüze çykardyk» diýip, Skallin nygtaýar.

Telewizora seretmek ýa-da wideo oýunlary oýnamak ýaly ukyňyza ýaramaz täsir edýän zatlaryň ýerine, Skallin ertirki gün etmeli işleriňizi kagyz bölejigine ýazmaga 5-10 minudyňyzy sarp etmegi maslahat berýär. Alymyň barlaglarynyň görkezişi ýaly, ýatmazyndan 5 minut öň ertirki meýilnamalaryny ýazýan adamlar geljek hakyndaky aladaly pikirlerden «ýüküni ýeňledip», tiz uka gidýärler.

Alynan Çeşmesi:www.hi-tech.mail.ru

 
Myhman Myhman
19 Oktýabr 2022
Mena aydymy umuman diñlämok
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Biza dinleyas
Ayjennet
21 May 2022
Menä nabarot aydym dinlap ýatyp blmk. Yanymdakyn dem alşyny diňlap ýatmakdan basga lezzetli zat bamyka?!
okayjy
2 May 2022
Herkime birhili täsir etyan bolmagy ahmal. Men hemise aydym yada saz dinlap yatyan yone yeke gezegem ukym bölineni yadyma dusenok 🙂

™™™,aydymdan alynypdyr
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
Myhman Myhman , mena indi nausnik bolmanson yatjak wagtym aydym dinlamok indi
Myhman Myhman
5 Mart 2022
™™™,sahyr manada gosgy duzup ber aydym duzup halka yetirjek nesip bolsa
™™™
5 Dekabr 2021
Yatma diyin uzak gije yatmayyn Gecmishin geljegin yukin gatlayyn 50 yashda cagalygmy yatlayyn Mana Enelerin huwdisin berin
Gülhan
5 Dekabr 2021
hanym, goşulýan menem köp duş geldm. Köpler şeýdýä, ýöne Eje hüwdüsine geler zat barmy eýse
Myhman Myhman
4 Dekabr 2021
Хер гун укудан Туран бадыма бейнимин оз ози айдым айдярац
Myhman Myhman
22 Noýabr 2021
Beyba menm dinleyadim aydym inni dinlemerin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.