12.06.2021
Düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýa Russiýada işlenip düzüldi
Russiýada düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýany döretdiler. Onuň kömegi bilen görülýän düýşleri toparlara görä tapawutlandyryp bolar. Çaklanylyşy ýaly, bu tehnologiýany 2025-nji ýyla çenli ulanyp başlarlar.
Bu tehnologiýa adamyň düýşdäki täsirlerini gaýtadan dikeldip, ony toparlara (romantiki, ýakymly, ýakymsyz, gorkuly) bölüp biler. Ýöne onuň görlen şekilleri bolşy-bolşy ýaly janlandyryp biljekdigi hakynda entek hiç zat aýdylanok.
Kelle beýnide suratlary täzeden dikeltmek bilen bagly gözegçilikleri geçirýän «Milli tehnologiýa başlangyçlarynyň» hünärmenleri 2019-njy ýyldan bäri bu taslamanyň üstünde işleýärler. Düýşleri tanamak boýunça täze tehnologiýanyň esasynda elektroensefalografiýa we neýroulgamyň işi durýar. Haçan-da, beýni örän ýokary işjeňlikde bolanda, beýniniň tiz uky böleginde düýş görmek hadysasy peýda bolýar. Bu bölegi göz almasynyň hereketlerinden, adamyň tiz-tizden alýan deminden we ýürek urşundan kesgitlemek mümkin.
Alynan Çeşme:www.moya-planeta.ru