Ýer şarynyň täsin ýerleri
Baobablaryň bagýodalary (alleýalary)
Entek duşup görmedik wakalaryňyza baý bolan Madagaskar Afrika yklymyndan 250 mil uzaklyga suw bilen bölünýär. Bu adada beýikligi tas 100 metre ýetýän agaçlar bolup, Baobablaryň edil düýşdäki (düýş bilen hakykat garyşan ýaly) ýaly bagýodalary (alleýalary), ägirt uly kebelekleri, tomzaklary hem-de lemurlary bu adanyň täsin syrlaryna girýär.
Bambuklaryň kiçiräjik tokaýy
Her bir syýahatçy Kiýotanyň eteginde ýerleşýän bu bambuk tokaýjygynyň näzik ýalkymyny we çäksiz belentliklerini synlap görmelidir. Ýaponiýanyň daşky gurşawynyň ministrligi 1996-njy ýylda bu ýere Ýaponiýanyň gowy sesleriniň (owazlarynyň) 100-den biri bolan agaçlaryň jygyldysy, ýapraklaryň şybyrdysy ýaly sesi girizdi.
Koloradanyň ýalpak aýlagy
Özüniň gyzyl reňkli suwlary bilen tanalýan Andyň saýasynda ýerleşýän bu şor ada Çiliniň San-Pedro-de-Atakama diýen ýerinden demirgazykda takmynan üç sagatlyk ýolda ýerleşýär. Suwuň gyzyl reňkde bolmagynyň sebäbi güýçli yssy şertlerinde pajarlap ösýän suw otlarynyň netijesidir. Ada dekabr aýyndan aprel aýy aralygynda gaty ajaýyp görünýärler: surata düşürmek üçin öwüşgin berýän adanyň suwy doly bolýar we guşlar köpelýärler. Haçanda adanyň iň owadan wagty, ýagny şapak wagtynda ony tutmaga hökman synanyşyp görüň.
Sokotra
Ýemeniň günorta kenarýakasyndan takmynan 350 mil uzaklykda ýerleşýän Sokotra uzaklyga we haýsydyr bir geň uzakda ýerleşýän planetanyň sýurrealizimne (düýş bilen hakykatyň garyşmagy) eýedir. UFO-nyň (äşgär edilmedik uçýan enjam) aždarha meňzeýän gyzyl reňkli agaçlary – bu adanyň iň görünip duran aýratynlygydyr.