M.M
11.06.2021
Habarlar
3
320

Kaliforniýada ýolagçylar sürüjisiz öz-özüni dolandyrýan ulaglarda gatnap bilerler

Kaliforniýada synag taslamasy işe giriziler we onuň dowamynda awtonom ulaglara ýolagçy gatnatmaga rugsat berler. Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Kommunal kärhanalar boýunça komissiýasy Cruise kompaniýasyna ýolagçylary sürüjisiz awtomobiller bilen üpjün etmek boýunça ilkinji maksatnama gatnaşmagyna rugsat berdi.

“Cruise – CPUC sürüjisiz maksatnamanyň ilkinji gatnaşyjysy. Bu maksatnamanyň çäginde ýolagçylar synag awtomobillerinde sürüjisiz gatnap bilerler. Cruise synag ulaglaryndaky gatnawlar üçin ýolagçylardan töleg alyp bilmez” – diýlip, relizde aýdylýar.

Ýöne synaglar üstünlikli tamamlanandan soň, ähli gatnawlar bellenen nyrh boýunça tölener. 
Ştatyň häkimiýetleri şeýle awtomobilleriň ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, ýüze çykýan heläkçilik ýagdaýlarynyň sanyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirýärler. 
Häzirki wagtda Cruise-iň kämilleşdirilen Chevrolet Bolt elektrokary bar. Wagtyň geçmegi bilen Cruise pedalsyz we rulsuz hususy Cruise Origin elektrokaryny çykarar. Bu GM-iň täze elektrik platformasynda döredilen sürüjisiz ulag serişdesidir.

 Alynan Çeşme:www.ria.ru
Myhman Myhman
5 Mart 2022
Sebabi nurhy gymmatda ol kamyuterli zada kartada nirani bassan akidyar ol
Myhman Myhman
12 Iýun 2021
Oran gowy sular yaly amerikada kopdir name ucin turkmenistanda masyn kompaniyasy yogay
Turkmenyigidi
11 Iýun 2021
Malades 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.