“Apple” -iň almasy näme üçin dişlenen?
“Apple” -iň nyşanynyň nireden gelendigini bilýärsiňizmi?
“Apple” ilkinji döwürlerinde diňe alma görnüşi bolan “Macintosh” ady bilen meşhur bolupdyr. Dişlenen alma nyşany häzirki manyda ilkinji kompýuterleriň önümçiligine gatnaşan we zäherlenen almany dişläp öz janyna kast eden Alan Týuringiň hormatyna ulanylýar diýilýär.
Angliýadaky söweş wagtynda goşan goşandy äsgermezlik edildi, Týuring bir gün öýünde öli tapyldy. Stolunda özüni öldüren Alan Týuringiň elindäki alma hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Alma zäherlidi. Şol döwrüň adamlary ony çetleşdirseler-de, alymlar Týuringe ýokary baha berdiler. Ony ýatdan çykarmazlyk üçin Týuringe bagyş edilendigi aýdylýar. Stiw Jobs almany ilki Injilde How ene we Adam ata hekaýasyndaky almany ulanyp başlapdyr. Soň Týuringiň ölümi bilen, Týuringe bagyşlanan alma bolyp galdy.