guli_
07.06.2021 15:43
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun oguluňyz,gyzyňyz
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin,tylla güýzüňiz.

Gurbannazar Ezizow

,,Sadalykdan zyýan bolmaz" diýipsiň
Häli şindi ejir çekýär sadalar
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalňyşýaň
Ýa ondan,soň çalt üýtgedi kadalar.

Atajan Tagan

Ussatlaram känem bir ýalňyşmaýarlar
Sadaň ejirliginiň soňy eşretdir
Ömrüni sogaba çalyşmaýanlar
Olaň nikabyny geýen eşşekdir.

Kerim Hally

Ussatlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar
Sadalykda geçen ömrüň halaldyr
O dünýäde ýanmajaklaň pikiri
Sadalary akmak adam saýmakdyr

Oraz Öwezberdiýew

Hemme kişi,munda ýalňyşyp biler
Çünki gelejegiň öňün gören ýok
Sada bolup,haýyr ýoly tapan bar
Ýöne sadalykdan zyýan çeken ýok

Öwezgeldi Taganow

9
83
Ovezova_
7 Iýun 2021
👏👏👏👏👏👏
barlagcy
7 Iýun 2021
Berekella
Myhman Myhman
7 Iýun 2021
Mlds👍👍👍👍
Misss
7 Iýun 2021
👍👍👏👏👏👌💖💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.