guli_
05.06.2021 11:35
Kazam dolup öljegimi bilemde
Ýeňsiz ýansyz ak köýnegi geýemde.
Iň soňky gün agaç ata münemde.
Hoşlaşmaklyk üçin gözlärin seni.

Asmana bakdyrlyp ýatanda başym.
Ah çekip aglanda dogan gardaşym
Gara gözleriňde bir damja ýaşyň.
Görüp gitmek üçin gözlärin seni.

Ýada ýeller bolup sypap seň başyň.
Iň soňkyja gezek sypalap gaşyň.
Meň üçin akdyran ol ajy ýaşyň.
Ýaşlaşmaklyk üçin gözlärin seni.

Sen meni görmersiň diýsemde seret
Jesedim görersiň ruhyma derek.
Men bolsa hoşlaşyp iň soňky gezek
Daşlaşmaklyk üçin gözlärin seni😢


(Bir biriňizin gadryny biliň.Belki,ertir gic bolar hemme zada)👍
7
151
Myhman Myhman
5 Iýun 2021
Gaty gowy goasgy eken
Ovezova_
5 Iýun 2021
👏👏👏gozlarin seni
Misss
5 Iýun 2021
Hakyky😯😕👍👍👏👏👏❤
✨LADY✨
5 Iýun 2021
Hakyky👍👏👏
J...♡
5 Iýun 2021
👏🏻👏🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.