Hökman doly okañ ýaltanman!
Döwür şeýle döwür
A gyz ýüzüñ reñki näme
Nämäñ nyşany kirpigiñ
Borla daýza señki näme
Öz ýamagym öz ýyrtygym
Başarsana gaýta senem
Ukol urup lewiñ çöwir
Toba diý gyz
Toba bolmaz
Döwür şeýle döwür
Kürsä wagtynda ýetipsiñ
Edarany boşatdyñla
Öñler haram halal hakda
Wagyz etýän goçakdyñla
Dostjan indi ol pikiri
Hanha saç bar salyp gowur
Gel iýeli, iýen ýeñer
Döwür şeýle döwür
Öýleneniñ düýn ýalydy
Alanyñ tüý süýri ýalydy
Bu gün öýüñ aýnasyndan
Gelýär ikinjiñ nalyşy
Nämä gerek öñem dertli
Bir ýürege iki höwir
Tagam täzelense ýagşy
Döwür täze döwür
Gyz başyña bela barmy
Daşly demirli fitnesde
Zenan bagtly bolmazmy
Eda bilen kürtä ýetse
Wah enejan, al geý şuny
Meniñ bilen biraz ýüwir
Ylgamasañ är seretmez
Döwür ýyndam döwür
Plan ýerde tanşyñ ýokmy
Sowgady ynha torbada
Oña tanyş nämä gerek
Dursañam ýetik nobata
Giñ ýeriñ gepini etýäñ
Ertir tapdyrmaýar şu gün
Ïş çalt bitse çalt baýarsyñ
Döwür şeýle döwür
Ahyry ýetipsiñ myrada
Howlyñda akja prada
Lebapdan alan öýleriñ
Köki uzapdyr Marada
Nirden düşdi munça baýlyk
Munça gyzyl munça howly
Biraz ynsaby gowşatda-a
Döwür gowşak döwür
A how bagşym biraz köşeş
Gözi sende bütin iliñ
A sen bolsa bulanýarsyn
Edil başga ýaly diniñ
Namys arly aýdym aýdyp
Halk ünsini ýagta öwür
Ar-danam pul ýasap bolýarmy
Döwür şeýle döwür
Bagşym toýa sen barmasañ
Öýlenjekdäl diýýär oglum
Emma seni getirmäge
Biraz pesdir gurbum, dogmum
Nyrhda oñşup geläýseñä
Goşalanar goja ömür
Oñşuk kasoý bilen ötdi
Döwür şeýle döwür
Dostum saklan golaýlaşma
Ol öñki gelni Myradyñ
Belki entäk ýaraşarlar
Beýtseñ garalanar adyñ
Üstesine Myrat bilen
Dostuñ ahryn senem ömür
Aýrylyşypdyr diýdiñä how
Döwür şeýle döwür
Goşgulañdan dolup ýatyr
Imo bilen instagram
Emma olañ arasyndan
Duz tapmadym ýeke gram
Ne okañda süýjilik bar
Ne tagamdan ganar göwün
Olar goşgy saçak däl dost
Döwür şeýle döwür
Baýram gardaş ol harydy
Ne sebäpden gymmatlatdyñ
Şu wagt iller şoña mätäç
Geçýär diýip gymmat satdym
Şeý diýsene señ nebsiñem
Gurşapdyrow nursuz ömür
Ömür içre lezzet ömür
Döwür şeýle döwür
Ýaman bolar eken dostum
Gepçisi erkek kişiniñ
Hanha Döwran bara gädik
Gybatyn etýärmiş iliñ
Bor dos bes et ynha şulam
Gep bolýara gübür-gübür
Iller etse menem etjek
Döwür şeýle döwür
Bizä döwre şeýle diýdik
Olam seretdi hatarly
Diýdi adam señ aslyñam
Günäni maña atardy
Aldap şeýtan kakdy diýdiñ
Büdräp döwür çökdi diýdiñ
Ömriñi aglap geçirip
Meni güne ýakdy diýdiñ
Garaz özüñden görmediñ
Çümmük ýaljagam hatañy
Özüñ köşkde ýaşap
Kümä oklanyñda-da atañy
Ak süýdini haklamadyñ
Aglatdyñ mährem enäni
Sen ýenede döwür diýdiñ
Ähli ýalñyşyñ sebäbi
Ýogsa terrorçyda sendiñ
Wirusam senden ýaýrady
Hökümiñ eýmenç ýöretdiñ
Kaddyña bagrym gaýnady
Alla saña ynsap berdi
Ahlak berdi görküñ bilen
Menem bezäp sowgat etdi
Öz dynçlygym erkim bilen
Durkum bilen saña bagly
Ahlak tiýrsen ahlakly men
Erkin saklasañ ygrarly
Yhlas tiýrseñ yhlasly men
Maña atmagör hatañy
Erkiñe bagly imany
Durkum durkuñdan üzñe däl
Menem dünýäniñ bimany.
KERIM HALLY