Danalardan dürdäneler
Ýigrenmäň! Çünki ýigrenç duýgularyň içinde iň zyýanlysydyr. Ol ýürege, beýnä ýaramaz täsir edýär.
Stiwen King
Garaşyp bilýän adamlar, adatça maksatlaryna hem ýetýändirler.
Onore de Balzak
Ýüzi gülýän adamlaryň ýürekleriniň gynanýan pursatlary hem bolýar.
Maksim Gorkiý
Ugursyz gämä şemalyň haýsy tarapdan öwseni wajyp däl.
Lusiý Anneý Seneka
Tekstdäki oturlar ýaly, durmuşdaky kynçylyklar hem adamyň ýaşaýşyna many-mazmun berýär.
Haruki Murakami
Durmuşdan hazyna däl-de, many gözläň.
Albert Eýnşteýn
Men «seni» çagyrmak üçin «ýazamok», men saňa elmydama «garaşýandygymy» bildirmek üçin döredýän.
Frederik Begbeder