guli_
04.06.2021 01:16
Ertirki gün gerekmejek zadyňy şu gün zyň, ertirki gün gerek boljak zadyňy şu gün edin.

***

Adamlar hakykata göz ýetirmek üçin jedel edenlerinde jedel uzaga çekdirilmän bes ediler, sebäbi hakykat ýalňyz bolýar, iki tarap hem ahyrsoňy şoňa gelýär.

***

Jedele girenler hakykat üçin däl-de, ýeňmek üçin jan edenlerinde jedel barha tutaşýar, sebäbi iki tarap hem birden-biriniň ýeňmegine göz ýetirmän, jedelden çykyp bilmez.

***

Adamy kämilleşdirýän ýaşan ýaşy däl-de, ýaşap geçen ömridir.

***

Gözleriň reňki nähili bolsa bolsun, gözýaşyň reňki birdir.

***

Bir kemsiz dost gözleýän adam dostsuz galar.

***

Ýerini bilip sözlän adam ötünç soramaga mejbur bolmaz.

***

Ýitirere zady bolmadyk adam howpludyr.

***

Ynsana gözellik berýän ýüzdür, ýüze gözellik berýän gözdür, ýöne ynsany ynsan edýän agyzdan çykýan sözdür.

***

Adam näçe az pikir edýän bolsa, şonça-da köp gürleýändir.

7
100
Misss
4 Iýun 2021
Gaty manyly we hak sozler👏👏✌🍃❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.