guli_
03.06.2021 20:41
Suwuň täsin häsiýetleri hakynda maglumatlar



Ýaşaýşyň çeşmesi bolan, Ýer ýüzüniň ortaça 70 göterimini örtýän hem bolsa, onuň diňe ortaça 1 göterimi içmäge ýaramly, kadaly şertlerde 1 litri 1 kilograma deň bolan arassa suw hakynda biz ylmy taýdan başga nämeleri bilýäris?

Suw – adaty şertlerde wodorod we kislorod birleşmeleri bolup (massa gatnaşygy boýunça 11,9 göterimi wodorod we 88,1 göterimi kislorod) reňksiz, yssyz, tagamsyz we molekulýar massasy 18,0160 bolan maddadyr. Suw halynda deňizlerde, derýalarda, köllerde we ş.m., gaz halynda bolsa atmosferamyzda bar bolmak bilen, ýaşaýyş onsuz dowam etmeýär. Suw temperaturany, massany (agramy), ýylylyk mukdaryny, ýerüsti derejeleri ölçemekligiň etalony bolup hem hyzmat edýär.

XVIII asyryň ahyryna çenli suwa aýratyn bir himiki element hökmünde garap geldiler. 1781–1782-nji ýyllarda iňlis alymy G.Kawendiş ilkinji bolup wodorod we kislorod garyndylaryny elektrik uçguny bilen böwsüp suwy sintezledi. 1783-nji ýylda bolsa fransuz alymy A.Lawuaze bu tejribäni gaýtalamak bilen ilkinji dogry çözgüdi çykardy, ýagny suw aýratyn bir himiki element däl-de, wodorodyň we kislorodyň birleşmesidir diýen netijä geldi. 1785-nji ýylda A.Lawuaze fransuz alymy Ž.Menýe bilen bilelikde suwuň mukdar düzümini kesgitlediler. 1800-nji ýylda iňlis alymlary U.Nikolson we A.Karleýl elektrik akymynyň kömegi bilen suwy düzüjilerine bölmegi başardylar we birnäçe seljermelerden soň onuň formulasy H2O bolmaly diýen netijä geldiler. Suwuň fiziki häsiýetleri bolsa heniz onuň himiki düzümi belli bolmanka öwrenilip başlandy. 1612-nji ýylda italýan alymy G.Galileý buzuň dykyzlygynyň sowuk suwuň dykyzlygyndan kiçi bolýandygy we bu hem buzuň suwda ýüzmeginiň sebäbidigini düşündirdi. 1665-nji ýylda golland alymy H.Gýuýgens termometrler üçin şkala döredilende onuň aşaky sütünini buz emele gelmegiň, ýokarky sütünini bolsa gaýnamagyň temperaturalary bilen saýlap almaly diýen teklibi öňe atdy.

Bilşimiz ýaly, termometriň Selsiý şkalasynda 00С dereje suwuň doňmaklyk – buz emele gelmek, 1000С dereje bolsa gaýnamaklygynyň temperaturasy edilip saýlanandyr. 1772-nji ýylda fransuz fizigi Delýuk suw iň uly dykyzlyga takmynan 40C temperaturada eýe bolýar diýip belledi. Has takygrak aýtmaly bolsa, alymlar suwuň birnäçe kadaly däl (anomal) häsiýetleriniň bardygyny belläp, şolaryň biri hem dykyzlyk anomaliýasydygyny we suwuň +3,980C temperaturada iň ýokary dykyzlyga eýedigini aýtdylar. Mundan beýläk temperaturasy pese düşürilse dykyzlyk peselýär. Beýleki suwuklyklarda bolsa tersine, temperaturanyň artmagy bilen dykyzlyk yzygider peselýär. Bug maşynlarynyň döremegi bilen fransuz alymlary D.Arago we P.Dýulong 1830-njy ýylda doýgun suw bugunyň basyşynyň temperatura baglylygyny öwrendiler. 1891-1897-nji ýyllarda D.I.Mendeleýew suwuň dykyzlygynyň temperatura baglylygynyň formulasyny hödürledi. 1932-nji ýylda amerikaly alymlar E.Uoşbern we G.Ýuri agyr suwy açdylar. Soňky ýyllarda dünýä alymlaryny suw we suw erginleriniň gurluşlary, onuň energetikada ulanylmagynyň giň mümkinçilikleri gyzyklandyrýar we bu babatda birnäçe işler dowam edýär.

Bilşimiz ýaly, ýylylyk sygymy maddanyň temperaturasyny bir gradus ýokary galdyrmak üçin gerek bolýan ýylylyk mukdarydyr. 1 gram suwuň temperaturasyny 14,50С – den 15,50С-e gyzdyrmak üçin oňa berilmeli ýylylyk mukdary 1 kaloriýa bolýanlygy üçin, ýylylyk mukdaryny ölçemekde-de suwuň orny uludyr. Suwuň ýylylyk sygymy temperatura görä, birden ösüşe eýe bolýandyr. Buz erände ýylylyk sygymy iki esse tapawutlanýar. Şular ýaly uly tapawut beýleki maddalaryň eremeginde bolup bilmeýär. Bu bolsa buz halyndan eräninden soň suwda täze prosesleriň döreýändigini görkezýär.

Suw adam bedeniniň ortaça 80%-ni tutýar. Onuň biziň bedenimizde ýerine ýetirýän birnäçe funksiýalary bar. Olara mysal hökmünde agzap geçsek: bedenimizde temperatura sazlaşygyny amala aşyrýar,; bedenimiziň ähli öýjüklerine iýmitlendiriji maddalary we kislorody eltýär; iýmitiň energiýa öwrülmesini üpjünleýär we ş.m.

Suwuň dürli pudaklarda ulanyşy babatda aýtsak, elbetde sanardan köp. Oba hojalygyny, halk hojalygyny, senagat tehnologiýasyny we beýleki dürli pudaklary onsuz göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Onuň sowadyjylyk, ýuwujylyk we beýleki häsiýetleri dürli maksatlar üçin ulanylýandygyny biz gündelik durmuşymyzdan bilýäris. Gaz görnüşinde kristallaşan suwy eredip bakja ösümliklerine berilse, olaryň hasyllylygynyň ýokarlanýandygy barada ylmy maglumatlar bar.

Adamzadyň iň köp ulanýan we iň belet zady bolan suwuň açylmadyk syrlarynyň heniz-de köpdügi has-da täsindir.

6
138
ideallider
3 Iýun 2021
Suw 3 görnüşe ýagny bug=gaz, suwuk, we gaty=buz hala eýe. Soňky wagtlarda 4-nj7 görnüşi GEL görnüşi hem goşjak boldular öýdýän. Ýene suw 100 gradusda ereýär. 1000-däl🙂👍
Ovezova_
3 Iýun 2021
Myhman Myhman, 👍gowja goshgy eken🙂
Myhman Myhman
3 Iýun 2021
Wodorod atan. Kislorod eneñ. Şolaryñ şanyna. Dörediň senem. Jandarlan jany. Ösümlik gany. Suw men gandyrýan. Bütin ynsany.
Myhman Myhman
3 Iýun 2021
Suwun wadoroddan we kisloroddan duryandygyny bellap gecipsinizde sona degisli 2je bent gosgy

Wadorod ataň .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.