guli_
03.06.2021 20:34
Bulary bilmek gyzyklydyr



Maglumatlara görä, Günüň daşy mydama lasyr-lasyr gaýnap durýar. Onuň gaýnaýan gatlagynyň çuňlugy, takmynan, 150 müň kilometre deňdir. Günüň merkezi 20 million, daşy bolsa 6000 dereje gyzgynlyga eýedir.

Günüň energiýasynyň merkezden daşary çykmagy üçin, takmynan, 1 million ýyl gerek bolýar. Günden bize gelýän ýagtylyk 149,6 million kilometr uzaklykdan 8 minutda gelýär.

Astronomiýa alymlary Günüň älem ýaradylanyndan 7 milliard ýyl soň Akmaýanyň ýoly galaktikasynda dörändigini kabul edýärler. Älemiň ýaşyny bolsa ortaça 13 milliard ýyla ýakyn diýip hasaplaýarlar.

Neptun planetasy Günden 4,5 milliard kilometr uzaklykda ýerleşýär. Biziň Ýer şarymyz bolsa Günden 149,5 million kilometr daşlykda ýerleşýär.

Merkuriý planetasy öz okunyň daşyndan Ýer planetasynyň hasaby boýunça 59 günde, Günüň daşyndan bolsa 88 günde bir gezek aýlanýar.

Ýupiter planetasy biziň Ýer şarymyzdan 1300 esse uludyr. Saturnyň ululygy hem, takmynan, şoňa ýakyndyr. Bu äpet planetalar baryp milliardlarça ýyllardan bäri şol bir çyzgy boýunça Günüň daşyndan aýlanýarlar.

Asman jisimlerine ilkinji gezek teleskopyň kömegi bilen 1609 — 1612-nji ýyllarda Galileo Galileý gözegçilik edipdir. Ol Ýupiter planetasynyň 4 hemrasyny, Saturnyň halkasyny we Aýyň üstünde daglaryň bardygyny açypdyr.

6
125
ideallider
3 Iýun 2021
Gün plança asyrlardan soň öçeremä diýdiler👍
Ovezova_
3 Iýun 2021
👏👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.