İň yssy we iň sowuk haçan boljagy mälim boldy
Meteorologlar 2021-nji ýylyň tomsunda dünýädäki yssylygy we guraklygy wada beryaler.
Iýun-awgust aýlarynda dünýäde howanyň temperaturasy howa kadasyna laýyk gelmeýär - ortaça, bolmalysy ýaly birnäçe dereje ýyly bolar.
Mundan başga-da, ýagyş mukdary azalar, bu hem guraklyga sebäp bolar.
BMG web sahypasynyň habaryna görä, bu howa maglumatyny Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy paýlaşdy.
Meteorologlar La Ninýa global tebigy hadysanyň soňlanmagynyň howa şertlerine täsir etjekdigini çaklaýarlar.
La Ninýa hadysasy, ýuwaş ummanyň sowamagyna sebäp bolýar, bu bolsa atmosferanyň tropiki aýlanyşygynyň üýtgemegine, ýagny ýel, basyş we ýagyşlara sebäp bolýar.
2021-nji ýylyň başy gaty salkyndy, ýöne howa üýtgeýär.
Global ýylylygyň täsiri sebäpli, meteorologlar 2021-nji ýylyň iýun aýyndan awgust aýyna çenli tutuş demirgazyk ýarym şarda howanyň temperaturasynyň we gündogarda guraklygyň boljakdygyny çaklaýarlar.
Mundan başga-da, meteorologlaryň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli azyndan bir ýyl rekordda iň yssy bolar we 2016-njy ýyldaky rekordy pozar.
Awtory: Swetlana Protas
İnternet maglumatlary esasynda taýýarlan: Muhammet Mahmudow.