Roskaçestwonyň" we «Which?» iňlis sarp edijilik guramasynyň hünärmenleri mikrotolkunly peçleriň saglyga ýetirýän täsirini anyklamak maksady bilen barlag geçirdiler. Barlagyň netijesinde, hünärmenler soňky döwürde işjeň ulanylýan elektrik enjamynda - mikrotolkunly peçde radiasiýa ýok diýen netijä geldiler. Mundan başga-da, onda ulanylýan elektromagnit tolkunlarynyň mobil aragatnaşyk ýygylyklary bilen deňdigi anyklandy. Şeýle hem tolkunlaryň iýmitiň düzümine täsir etmeýändigi we onda saklanyp galmaýandygy bellenildi.
Şeýle-de hünärmenler mikrotolkunyň golaýynda artýan elektromagnit şöhlelenmesiniň ýüze çykyp biljekdigini we şonuň üçin ony tokdan aýryp goýmalydygyny nygtadylar. Şeýle hem ylmy barlaglar, düzüminde zäherli maddalaryň bardygy sebäpli, mikrotolkunly peçlerde iýmitleri plastik gaplarda gyzdyrmagyň howpludygyny görkezdi diýip, çeşme belleýär.