Bulary bilmek gyzyklydyr
Ekerançylykda ulanylan ilkinji kofe görnüşi «Coffea arabica»-dyr. Häzirki wagtda bu görnüş dünýäde öndürilýän kofeniň 70 göterimini emele getirýär.
Bir ýylda kofäniň peýdalanylyşynyň her bir adama düşýän möçberi boýunça Demirgazyk Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Bu görkeziji Finlýandiýada bir adama 12 kg, Norwegiýada 9,9 kg, Islandiýada 9 kg barabardyr.
Ýaponlar kofäniň adam endamyna, derisine oňyn täsir edýändigini belläpdirler. Ýurduň käbir şypahanalarynda kofeli suwa düşmek bejergi hökmünde hem ulanylýar.
Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda kofe bilen baglanyşykly baýramçylyklar bar. Kofäniň milli günleri Kosta-Rikada 12-nji sentýabrda, Irlandiýada 19-njy sentýabrda, Ýaponiýada bolsa 1-nji oktýabrda bellenilip geçilýär.
Süýtli kofe XVII asyrda taýýarlanylyp başlanypdyr. Oňa süýt goşmagy bir fransuz lukmany öz bejergi berýän näsaglaryna maslahat beripdir.
Häzirki wagtda kofe önümçiliginiň başynda Braziliýanyň durýandygyndan köpimiz habarlydyrys. Kolumbiýa bilen Indoneziýa bolsa Braziliýanyň söbügini basyp gelýärler. Bu kerweniň yzy Meka, Kotd-Iwuar, Efiopiýa, Uganda we Gwatamela bilen dowam edýär.