Google dünýäde näçe sany "Android" smartfonlarynyň bardygyny aýtdy
"Google I/O 2021" konferensiýasynyň çäginde kompaniýanyň önümler boýunça wise-prezidenti Samir Samat çykyş etdi. Ol öz çykyşynyň dowamynda bütin dünýäde näçe sany “Android” smartfonlarynyň bardygyny mälim etdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Ýer ýüzünde 3 milliarddan gowrak smartfon "ýaşyl robot" bilen işleýär. Deňeşdirmek üçin bellesek, olaryň sany 2019-njy ýylda 2,5 milliard töweregi bardy. 2017-nji ýylda bolsa 2 milliarddy. Ýönekeý matematiki hasaplamalar “Android” smartfonlarynyň sanynyň şu depgin bilen 2030-njy ýyla çenli 5 milliarda ýetjekdigini görkezýär.
Bu maglumaty anyklamak üçin çeşme hökmünde "Google Play" programma dükanyna sagylanylandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler bu statistikanyň doly däl bolmagynyň hem mümkindigini, sebäbi dünýäde ýene nijeme "Androidli" enjamyň öçük ýatan bolmagynyň hem ähtimaldygyny belleýärler.