bayrammyradow
31.05.2021
Tehnologiýa
4
275

"Motorola" smartfonlara howa arkaly zarýad bermegiň tehnologiýasyny oýlap tapdy


Ýakynda “Motorola” smartfonlara howa arkaly zarýad beriş tehnologiýasyny mahabatlandyrdy.
“Motorola-nyň" bu täze tehnologiýany döretmek üçin simsiz zarýad berijileri öndürýän “GuRu Wireless” kompaniýasy bilen işleşýändigi habar berildi. Ol "MmWave" modullaryndan ybarat kiçijik geçirijä esaslanyp, energiýany howa arkaly geçirmek üçin millimetr uzynlykdaky tolkunlar ulanylýar.
Zarýad bermekde we akylly algoritmlerde "mmWave" diapazonynyň ulanylmagy netijesinde, geçirijiniň we kabul edijiniň ölçeginiň kiçelmeginiň mümkindigi aýdylýar. Mundan başga-da, enjam elektromagnit tolkunlaryny has gowy ugrukdyryp biler.  Şeýle hem ol 80-100 santimetr aralykdan zarýad berip biler.
"Motorola" ilkinji gezek 2021-nji ýylyň başynda howa arkaly simsiz zarýad beriş ulgamyny hödürläpdi. Onda enjamlaryň arasyna el ýa-da başga bir zat goýlanda, zarýad beriş prosesi togtaýardy.
Myhman Myhman
12 Oktýabr 2022
Barik gelmezmi gelse gaty gawy boljak
Myhman Myhman
15 Iýul 2022
Brawo
Dadis
13 Iýul 2022
mlds ylym osdi
Nazartagan
2 Iýun 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.