sahet_ashyrov
31.05.2021 09:12
Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy,
Arman, oň üçinem boş wagt gerek.
Seret, öňde gol bulap dur menziller,
«Tizräk ýet» diýip, owsunýar ýürek.

Ýolumda keserip ýatan daşlary
Golumdaky kerkim kül-owram edýär.
Oň sesinden gorkup, elheder alan
Gojalyk gizlenýär,
Syr bermän gidýär.

«Hoş gal, ýaşlyk, hoş gal, irdim men senden»
Diýip, ondan ara açjak boldum men.
Soňra öz sözüme geň galdym özüm:
– Walla, muny nädip aýdyp bildimkäm?!

Ýaşlyk welin gülüp bakýar şonda-da:
– Eý, akmak, özüňi kemsitme beýdip.
Mensiz bu durmuşyň ýokdur gyzygy,
Göwnüňe gelmesin galdyryn öýdüp.

Seň arzuwlaň – lowurdaýan ýyldyzlar,
Meň bilen ömürlik baglady seni.
Menem bahar bilen,
Bahary bolsa
Mukaddes topraga daňdy gös-göni.

Toprakda birigen kökler aýrylmaz,
Wah, muny mensizem bilýänsiň ahyr.
Ýok gowsy ýaýdanyp durma sen beýdip,
Hany öňe tarap gadam ur, şahyr...

Oňde bolsa garaşyp dur menziller,
«Tizräk ýet» diýip, owsunýar ýürek.
...Ýaşlyk bilen hoşlaşara çen boldy,
Arman, oň üçinem boş wagt gerek.

Italmaz NURYÝEW.
9
252
Myhman Myhman
26 Iýun 2021
Daş
guli_
31 May 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.