D.S
30.05.2021
Tehnologiýa
10
842

Dünýäniň iň gymmat ulagy

Diňe 3 sanysy öndürildi

Angliýanyň lýuks awtoulag öndüriji brendi “Rolls-Royce” ýörite işlenip düzülen “Boat Tail” atly ulagyny tanyşdyrdy. Bahasy 20 million funt sterling bolan ulag 2019-njy ýylda 11,5 million funt sterlinge satylan “Bugatti La Voiture Noir”-iň rekordyny täzeledi. Ýörite sargyt esasynda ýasalanda ulaglaryň bahasy adatdakysyndan has gymmat bolýar.

Rolls-Royce Boat Tail”-iň yz tarapynda nahar iýilýän stol, içimlikler üçin sowadyjy, aýlanýan kiçi stollar, açylyp-ýapylýan oturgyçlar we saýawan bar. Yz tarapdaky gapaklar açylanda, ganata meňzeýär. Içki dizaýnda, öň tarapda Şweýsariýanyň iň meşhur sagat öndüriji kompaniýasy bolan “BOVET 1822”-niň sagatlary ýerleşdirilipdir. Sagatlaryň biri goşara dakmak niýetlenen bolsa, beýlekisi ulaga oturdylypdyr. “Coupe” görnüşli ulagyň uzynlygy 5,8 metr bolup, üsti açylyp-ýapylýar. “Phantom” modeliniň bazasynda döredilen ulagyň kapotynyň aşagynda göwrümi 6,75 litrlik goşa turboly V12 motor bar. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty 563 at güýjüne barabar. Ulagdan bary-ýogy  üç sanysynyň öndürilendigi mälim edildi. Ulaglary kimleriň sargyt edendigi aýdylmady.
Myhman Myhman
7 Mart 2022
Myhman dostum men surup bilyan prawam bolsa

Ideallider ahmallay yogsa arzan bererdi
ideallider
24 Iýun 2021
Interesno, ol maşynlar gelejege-geçmişe gidýämikä🤔👍
Myhman Myhman
24 Iýun 2021
Gaty owadan ekeni 👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
6 Iýun 2021
Ay normanly
Myhman Myhman
2 Iýun 2021
Mana gerek dal barde surip bolonok🤗
Ovezova_
30 May 2021
Masterman_05,hehe🙄
Ovezova_
30 May 2021
Masterman_05,ay kan surulenokda her gun biri surulyada onnon gezek yetyanca yatyada janawer😂
Ovezova_
30 May 2021
Masterman_05,hehe sey disene galanynam alyp garasha saljakdym wn satyldy didida
Ovezova_
30 May 2021
Masterman_05,ha seredip galanam sendinmi😁😅
Ovezova_
30 May 2021
3den 1em men garažymda yatyrlay😋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.