bayrammyradow
29.05.2021
Medeniýet we jemgyýet
0
496

BMG- niň meteorologlary rekord derejede yssy ýyly çakladylar


BMG-niň meteorologlary geljek bäş ýylda alnyp barylýan gözegçiligiň taryhynda rekord derejede yssy ýylyň boljakdygyny çaklaýarlar. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 2016-njy ýyldaky görkezijiler birinji ýerde durýar.
Geçirilen barlag işiniň netijesine görä, “2021-2025-nji ýyllar aralygynda iň bolmanda bir ýylyň gözegçiligiň tutuş taryhyndaky iň yssy ýyl bolmagynyň 90 göterim ähtimallygy bar” – diýlip, BMG-niň saýtynda bellenilýär.
Gözleg işi Beýik Britaniýanyň meteorologlary tarapyndan geçirildi. Olar bäş ýylyň (2021-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygy) hersinde gury ýeriň we deňziň üstünde ortaça temperaturanyň industrialdan öňki döwrüň temperatura derejesinden Selsiý boýunça azyndan bir gradus ýokary boljakdygy, bu bäş ýylyň birinde bolsa “40 göterim ähtimallygy” bilen temperaturanyň industrialdan öňki derejeden 1,5 gradus ýokary bolup biljekdigi baradaky netijä geldiler.
Mundan başga-da, hünärmenler ýokary giňişligi bolan ýerlerde has çygly howanyň boljakdygyny hem-de Atlantikada lon işjeňliginiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.
Ýatlap geçsek, howa we klimata edilen gözegçiligiň taryhynda iň yssy üç ýylyň biri bolan 2020-nji ýylda ortaça temperatura industrialdan öňki döwrüň esasy derejesinden 1,2 gradus ýokary boldy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.