Barlaglar smartfona 100% -e çenli kuwwat bermegiň we ony 0%-e çenli doly ulanmagyň smartfonyň batareýasynyň ömrüni gysgaldýandygyny tassyklady. Bu barada RIA NOWOSTI agentligi habar berdi.
Smartfonyňyzda, planşetiňizde ýa-da noutbuklarda batareýa ulanýan bolsaňyz we onuň kuwwatyny her gezek 100% -den 0% -e çenli boşadýan bolsaňyz, 300-500 aýlawdan soň, onuň sygymyna düýpli zeper ýeter diýip, NAFI "Sanly raýat" platformasynyň hünärmeni Wladimir Gritsenko "Praým" agentligine aýtdy.
Batareýanyň "saglygy üçin" iň dogry ulanyş ýagdaýy - 80% bilen 40% arasynda ulanmak. Şeýdilende, batareýanyň umumy kuwwatynyň sygymy has uzak wagta gider.
"Öndürijiler, ilkinji nobatda, batareýanyň kuwwatyny doly çökermezligi, şeýle hem mümkin boldugyça, seýrek ýagdaýda enjamy 100% kuwwatda saklamagy maslahat berýärler" diýip, hünärmen belleýär.