1-nji iýundan You Tube-y täze şertleri güýje girýär
Tiz wagtdan YouTube-da täze ulanyş şertleri hereket edip başlar. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda täze şertler ABŞ-da güýje girdi. Indi olar beýleki ýurtlarda hem hereket eder.Üýtgeşmeleriň gysgaça mazmuny:Ýüzi tanamak funksiýasy bilen bagly çäklendirmeler. Şertlerde öň hem platformamyzda rugsatsyz ulanyjynyň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlary ýygnamagyň gadagan edilýändigi bellenilipdi. Bu gadaganlyk ýüzi tanamak funksiýasyny ulanmak bilen alnan suratlara-da hemişe degişlidi. Indi hyzmat bu gadaganlygy aýdyň görkezdi.
YouTube-yň mazmuny monetizasiýa etmek hukugy. YouTube platformada ýerleşdirilen ähli materiallary monetizasiýa etmäge haklydyr. Bu mahabatyň Hyzmatdaş programmasyna girizilmedik kanallarda hem ýerleşdirilip bilinjekdigini aňladýar.
Roýalti we salgytlary saklap galmak. Bu punkt platformada girdeji alýan awtorlara degişli. Awtorlaryň platformada alýan islendik tölegleri roýalti hasap ediler. Kanun boýunça, Google şeýle töleglerden salgytlary saklap galar.
Bu üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girip, ABŞ-nyň çäginden daşary ähli ulanyjylara degişli bolar. Şu seneden soň YouTube-y ulanmagy dowam etdirmek bilen, siz täze şertlere razy bolýarsyňyz. Bu şertler “YouTube Kids” hyzmatyna hem degişlidir. Eger çagaňyz bu hyzmatdan peýdalanýan bolsa, siz bu şertleri onuň adyndan kabul edýärsiňiz.