guli_
28.05.2021 12:19
Habarlaşmagyň ýollary



Kamboja diliniň elipbiýinde 74 harp bolup, ol bu ugurda dünýäde birinji ýerde durýar.

Günorta Afrikada gepleşilýän afrikaans dilinde hameleona «werkleurmannetjies» diýilýär. Bu söz «reňkli kiçi adam» diýmegi aňladýar.

Iňlis ýazyjysy, şahyry we dramaturgy William Şekspir 1700-den gowrak täze söz döredipdir.

Rusça açyk kosmosda gepleşilen ilkinji dildir.

Täze dil öwrenmek üçin ortaça 480 sagat gerek bolýar.

Hytaý Halk Respublikasynda iňlisçe gepleşýänleriň sany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndakydan köpdür.

Kongo Demokratik Respublikasynyň paýtagty Kinşasa dünýäde fransuz dilinde gepleşilýän ikinji uly şäher hasaplanýar.

Gippopotam gadymy grekçede «derýa aty» diýmegi aňladýar.

Dünýäde 7 müň dilde gepleşilýär.

Osminoglaryň käbir görnüşi bir-birleri bilen reňklerini üýtgetmek arkaly habarlaşýarlar.

Jüýjeleri ýumurtgadan çykandan bir günden soňra, ene towuk kürküldemek arkaly jüýjeleri bilen düşünişip bilýär.

Haýsy milletdendigine garamazdan, bäbekleriň ilkinji aýdýan sözi adatça «dädde» bolýar.

Bäbekler öz ene dilinde aglaýar.

«Ýalta jandaryň» käbir görnüşi Günorta Amerikada «Aý» diýlip atlandyrylýar. Bu söz bu jandarlaryň bir-birleri bilen habarlaşmak üçin çykarýan çirkin sesinden döredilipdir.

Albançada murty aňladýan 27 söz bar.

Papua-Täze Gwineýada 840 dilde gepleşýän halklar ýaşaýar.

Tomzagyň bir görnüşi («Xestobium rufovillosum») öz aralarynda jyrryldamak arkaly habarlaşýar. Bu ses telegraf aragatnaşygynda ulanylýan Morze koduna meňzeýär.

Gawai dilinde (‘Ōlelo Hawai‘i) älemgoşary aňladýan iki ýüzden gowrak söz bar.

Ispaniýanyň Gomero adasynda adamlar sygyrmak arkaly gepleşýärler. Türkiýäniň Gara deňziň kenaryndaky daglyk ýerlerinde hem «sykylyk» dilinde gepleşýänler bar.

8
92
S_guvanjova
28 May 2021
👍👍👏👏👏
Ovezova_
28 May 2021
Hytayyn hem dine ýashlary inlisce gurlap bilyarler yashulylary inliscani bilenoklar shonluk bnem yashlar kop bolany sebapli amerikankydan kop bolup duryar
Misss
28 May 2021
👍👍👍❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.