Mandarinka ördegi
Dürli öwüşgini bilen haýrana goýýan bu ajaýyp keşpli ördek hem-de onuň häsiýetli aýratynlyklary Karl Linneý tarapyndan öwrenilip, ilkinji ylmy maglumat 1758-nji ýylda berilýär. Beýleki ördeklerden tapawutlandyrýan esasy alamat bularyň perleriniň köpöwüşginliligidir. Şeýle-de olar beýleki ördekler ýaly suwa çümmegi halamaýarlar.
Mandarinka ördegi öz höwürtgesini suwotudyr batgalyklarda däl-de, agaçlaryň köweklerinde gurýarlar. Käbir ýurtlarda mandarinka ördegi wepalylygyň nyşany hasaplanýar. Sebäbi olar jübütleşensoň, ömürlik bile ýaşaýarlar. Olaryň «mandarinka» ady ýelekleriniň reňkleriniň köpöwüşginliligi üçindir. Özi-de ördekleriň bu häsiýeti diňe horazlaryna degişlidir. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu reňk öwüşgini onlarçadyr. Geň ýeri, haýwanat baglarynda ýaşaýan mandarinka ördekleriniň reňki diňe ak öwüşginde bolýandyr. Bu guşlar ýylylygy halaýarlar. Mandarinkalar suwda kiçi balyklar, balykgulaklar, mollýuskalar, şeýle-de ösümlikler hem-de olaryň tohumlary, däneleri, miweler, suwotular bilen iýmitlenýärler. Ördekleriň bu görnüşi örän çalasyn uçýarlar. Olar dynç alanda hem agaçlaryň ýokarky şahalaryna gonmagy halaýarlar. Bularyň ýene bir tapawutly aýratynlygy, beýleki ördekler ýaly gagyldaman, özlerine mahsus sykylyk çalmak bilen «düşünişmekleridir».