guli_
27.05.2021 15:26
Bulary bilmek gyzykly



Okapi

Okapi täsin keşpli hem-de häsiýetli jandardyr. Onuň daşky keşbi ata meňzese, endamyndaky zolaklary zebranyň ak-gara zolaklaryna çalymdaşdyr, kellesidir «şahy», uzynlygy 40 santimetre ýetýän dili bolsa žirafyňky ýalydyr. Okapi žiraflaryň ýakyn garyndaşydyr. Bu jandaryň tüýi mahmal ýaly mymyk bolup, goňur öwüşgindedir, aýaklaryndaky ala zolaklar bolsa ak-gara reňkdedir.

Tebigatda bular ýaly jandaryň bardygy baradaky ilkinji maglumat 1980-nji ýylda halk köpçüligine ýetirilipdir. 1900-nji ýylda bolsa oňa okapi, ýagny pigmeý dilinden terjime edilende «tokaý aty» diýlen at goýlupdyr. Olar Kongo Respublikasyndan başga ýerde ýaşamaýarlar.

Okapiler ýekelikde güzerlerde, çeşme boýlarynda, gür tokaýlardaky kölleriň töwereginde ýaşamagy halaýarlar. Ýylyň gurak gelip, iýmitiň azalmagy bilen bu jandarlar 6-7 bolup topar döretseler-de, birnäçe günden soň olar ýene-de ýekelikde otlap başlaýarlar. Bu jandarlarda ses perdeleriniň ýokdugy geňdir. Bu jandaryň erkeklerinde oson diýlip atlandyrylýan kiçeňräk şahy bolup, olaryň gataňsy uçluklary ýylda täzelenýär. Okapiniň uzyn, gök reňkli dili agajyň ýokarky şahalaryndaky ýapraklary, miweleri ýolup iýmäge, «arassaçylyk düzgünlerini» berjaý etmäge kömek edýär. Çünki bu arassaçyl jandarlar edil pişikler ýaly diliniň üsti bilen «ýuwunýarlar». Käbir gemrijilerdäki ýaly, okapileriň ýaňaklarynyň iç ýüzünde iýmit saklar ýaly «torbajyklarynyň» bolmagy-da geňdir.

Ene okapiler taýçanaklaryny 3 ýaşa çenli ýanyndan goýbermeýärler. Howp abanan ýagdaýynda olar taýçanaklaryny goramak üçin ýyrtyjy haýwanlar, esasan, alajagaplaňlar bilen söweşe-de girýärler. Bular örän çalasyn haýwanlardyr.
6
335
Ovezova_
27 May 2021
Masterman_05, o nahili dil🙄
Ovezova_
27 May 2021
Masterman_05,ses sozi sozlerem sozlemi. Howwo gysga bir soz yazylyshy bir bolup bashga many anladyp bilyar
Ovezova_
27 May 2021
Masterman_05,ses sanardan kopa yone ton 4sany didka_777,sagja bol
didka_777
27 May 2021
Ovezova_, ustunlik 👍🏻
Ovezova_
27 May 2021
didka_777,howwo biri gecdi yene biri gally Masterman_05,hytaylarda harp yok ses bn ton bar
didka_777
27 May 2021
Ovezova_,31ne. Sizde na gecyami exam
Ovezova_
27 May 2021
Masterman_05,elbetde soraber yone taryhyny blmk sozlerinden bilyan yazylysyny okalyshyny

didka_777,hacan gutarya sizinki
didka_777
27 May 2021
Ovezova_,gowy. Okuwam dynyp gelya
Ovezova_
27 May 2021
didka_777,okuwlar nahili gowmy
didka_777
27 May 2021
Masterman_05, ay bizdede onkulik
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.