D.S
27.05.2021
Dünýä täzelikleri
35
1 224

Anjelina arylar bilen surata düşdi

Hollywood-yň ýyldyzy, dünýä belli aktrisa Anjelina Joli bal arylaryň ähmiýetine ünsi çekmek maksady bilen üstüne gonan arylar bilen surata düşdi. Her ýylyň 20-nji maýy Arylaryň güni hökmünde bellenilýär. Arylaryň çakmazlygy üçin surat garaňky ýerde düşürildi. Anjelidan başga, surata düşürýänleriň ählisi arydan goranmak üçin ýörite eşik geýdiler. Joli bolsa 18 minutlap üstünde arylar bolan ýagdaýda hereketsiz durdy.
Anjelina Joli balaryçylygy ösdürmäge goldaw bermegi maksat edinýär. Munuň üçin taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde iýun aýynda Fransiýanyň Prowans sebitinde zenanlara balaryçylyk okuwy berlip başlanar. Bäş ýyllap dowam etjek maksatnamanyň çäklerinde 2 müň 500 balary ketegi gurlup, 125 million ara ideg ediler. Bu okuwa Italiýadan, Russiýadan, Sloweniýadan, Kambojadan, Efiýopiýadan, Ruandadan we Hytaýdan aýal-gyzlar gatnaşar. 30 gün dowam etjek okuw maksatnamasyna 50 zenan gatnaşar. Anjelina Joli ynsanperwer guramalara goldaw bermegi bilen tanalýar.
Myhman Myhman
16 Dekabr 2022
Halmyrat sen yene geldinmi😁
Myhman Myhman
16 Dekabr 2022
Anjelinan bir edip gormedik zady şoldy
Myhman Myhman
28 Aprel 2022
nämä peydasy bolduka şeýdip surata düşeniň bilen onsoň
Şadyýangözel🌺
18 Aprel 2022
😮😳🥵 nadip durdykanay .üns cekmek üçin gowy pikir!!!
Cindrella
18 Aprel 2022
Arylara komek etmek gowy berekella.
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
D. S. , Menkinem uytgedip agam
Myhman Myhman
29 May 2021
Salam doslar

Salam doslar
guli_
27 May 2021
Masterman_05,Muhammet owadan at ony gysgaldyp Muha diysen dallay🙄
didka_777
27 May 2021
👍🏻👍🏻👍🏻
guli_
27 May 2021
Masterman_05,Mumkim bolp biler senkem dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.