Bulary bilmek gyzykly
Dünýäniň iň kiçi şäheri
Horwatiýanyň çäginde ýerleşýän Hum şäheri dünýäniň iň kiçi şäheridir. Şäheriň ilaty bary-ýogy 20 adamdan ybaratdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçylygynda döreýär we şonuň netijesinde, Hum şäher derejesini alýar.
Dünýäde ýagşyň köp ýagýan ýeri
Hindistanyň Mawsynram obasy dünýäniň iň köp ýagyş ýagýan ýeridir. 1985-nji ýylda bu ýere gaty kän ýagyn ýagdy (26000 mm). Bu waka hatda Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar.
Dünýäniň iň giň köçesi
Dünýäniň iň giň köçesi Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ýerleşýän «9-njy iýul şaýoly» bolup durýar. Bu köçäniň giňligi 140 metre, uzynlygy 1 kilometre barabardyr. Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolýar. Sebäbi bu köçede birnäçe ýolyşyk bar.
Iň gyşyk bina
Dünýäniň iň gyşyk binasy Polşa döwletiniň Sapoti şäherinde ýerleşýär. Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 4000 inedördül metr meýdany tutýan binada söwda we dynç alyş merkezleri ýerleşýär.
Sportuň has peýdaly görnüşi
Sportuň suwda ýüzmek görnüşi adam saglygyna iň peýdaly görnüş hasaplanylýar. Suwda ýüzmek adamyň tutuş bedenine, aýratyn-da, merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi dem alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar. Oňurgasy gyşyk, arkasynda agyry duýýan we başga-da ençeme oňurga keselli adamlara suwda ýüzmek peýdalydyr. 25 gradus ýylylykdaky suwda ýüzülende, bedende madda çalşygy 60-70% tizleşýär, şonuň üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara-da peýdalydyr.