Hoşlaşyk...😢🕊
Şu gün bildim peşgeşleriň möçberin,
Şu gün duýdum ömrümdäki ornuňy.
Derwezäňe garap-garap gaýtdym ―
Taşlamaklyk agyr düşdi goýnuňy.
Ýok indi ir-säher howlugyp gaýtmak,
Ýok indi garaşmak her jaň sesine.
Kepderileň uçup barýarlar garap,
Ýatlamadan doly höwürtgesine.
Öwrendim goýnuňda:
Çyrmaşykdygny ―
Köňüldäki ýigrenç bilen nalyşyň.
Ömrüňdäki iň ajaýyp pursatlaň
Ýaprak ýaly üzlüp-üzlüp galyşyn.
“Sag bol!” sözüm uzaga-da çekmedi,
Şu günki bolşumy görüpmidiň sen?!
Hoşlaşyklaň ajydygny bilýärdim,
Beýle agyr düşer öýdüpmidim men…
Gurbanmyrat Meredow