Ilaman-007
24.05.2021 19:27
Mazarystanda 2

Ol ýatan nähili adamdy kaka?
-Gyzyldeý adamdy niýeti ýagşy.
Bu ýatan nähili adamdy kaka?
Gymmatçyl diýmeseň,bagşydy bagşy.

Ol çetdäki aýal neneňdi kaka?
-Mertdi,ary üçin ärden geçipdi.
Bu zenana bahaň neneňsi kaka?
Onda baha ýokdy göwni açykdy.

Ol ata nähili atady kaka?
-Sadady, kösenip ötürdi ömrün.
Ol ene nähili enedi kaka?
-Mähremdi göteren bolmady göwnün.

Kaka,onda neçüýn diri adamlar,
Dürli gylyklara paýlanýarkalar.
Bularyň bary gowy ynsan bolsalar,
Ebetler nirede jaýlanýarkalar?
6
78
guli_
24 May 2021
👏👏👏👏👏👏👏👏
Ovezova_
24 May 2021
Ilaman-007,ha dogry birinjisi bolman son many bar danym kan dal
Ilaman-007
24 May 2021
Ovezova_,bilemok menem tapyp aldym
Ovezova_
24 May 2021
1nji yokmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.