Sungat sütüni
Türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdi, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň düýş görüp, ýazan goşgulary bardyr. Muňa şahyryň «Diwana geldi», «Turgul diýdiler», «Ýaranlar» atly goşgularyny mysal getirmek bolar.
XI asyrda ýaşan şotlandiýaly ýazyjy Robert Luis bolsa «Iki ýüzli adam» kitabyndaky 300 setirlik goşgusyny düýşünde ýazýar we dessine turup, kagyza geçirýär. Belli türkmen şahyry Kerim Gurbannepesowyň hem bir sapar çyranyň ýoklugy sebäpli, düýşünde goşan goşgusyny otagynyň diwaryna ýazandygy mälimdir. Köplenç, düýşünde goşgy goşansoň, Kerim aga ony bada-bat kagyza geçirmek üçin ýassygynyň aşagynda kagyzdyr galam goýup ýatar eken.
Meşhur kompozitor Riçard Wagner «Tristan we Izolda» atly operasynyň sazlaryny düýşünde ýazypdyr.
Ýazyjy Edgar Degas tans sungatynyň aşygy hasaplanypdyr. Çaklamalara görä, ol tansçylary suratlandyrýan, olaryň dünýäsine aralaşýan 1500 eser döredipdir.
Döredijilik işi bilen çagalykdan gyzyklanyp gelýän germaniýaly suratkeş Sara Illenberger bu gün özüniň täsin eserleri bilen köpleri haýran galdyrýar. Öňler suratlary çekmek bilen meşgullanan bolsa, ol indi ajaýyp güllerden eser döretmeklige girişdi. Hakykatdan hem onuň taýýarlaýan güller çemeni ýa-da bolmasa gül surat toplumlary islendik adam üçin ajaýyp sowgatdyr. Janly güllerden taýýarlanylan sungat eserleri daşyndan göräýmäge garaňky gijede yşyklandyrylan feýerwerkleri ýadyňa salýar. 1976-njy ýylda Mýunhende dünýä inen meşhur suratkeşiň eserleri bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. 2000-nji ýylda «Central Saint Martins» döredijilik we bezeg okuw mekdebini tamamlap, sungat işi bilen has ysnyşan Saranyň ady bu günki gün giňden tanalýar.
Eýranly suratkeş Omid Asadi özüniň täsin döredijiligi bilen köpleriň ünsüni çekmegi başarýar. Onuň döredýän işleri ýönekeýje bolsa-da hakyky sungatdyr. Ezber suratkeş beýlekilerden tapawutlylykda, agaç ýapraklarynyň ýüzünde ajaýyp şekilleri döredýär. Ol özüniň kesmek üçin niýetlenen ýiti guraly bilen ýapraklary oýup, dürli suratlary çekmegiň hötdesinden gelýär. Häzirki güne çenli onuň taýýarlan täsin ýapraklarynda ajaýyp tebigaty, haýwanat dünýäsini, meşhur adamlaryň keşbini görmek bolýar.
Norweg adatlaryna görä, esasan el bilen iýilýän pissa, gamburger we döner ýaly tagamlary hem el bilen iýmek edepsizlik hasaplanýar.