Bir tejribesiz dellal Frankfurt biržasynda öz işleýän bankynyň 15 million
ýewrosyny utdurypdyr. Şondan soň başlyk ony ýanyna çagyrypdyr. Göwnüçökgün
haldaky hem-de özüniň işden kowuljaklygyna ynanýan ýaş ýigit başlygyň otagyna
giripdir, ol ýarde başlykdan başga-da esasy dolandyryjylaryň ikisi oňa garaşyp oturan
eken. Entek hiç zat diýmänkäler işden çykarylmagyny haýyş edip ýazan arzasyny
stoluň üstünde goýupdyr-da, şeýle diýipdir: “Men düzedip bolmajak derejedäki
çökder ýalňyşlyk goýberenimi bilýärin, meni kowmankaňyz öz islegim boýunça işden
boşatmagyňyzy soraýaryn!” Emma başlyk oňa şeýle jogap beripdir: “Ýaş ýigit, men
siziň bilimdir sapak almagyňyz üçin 15 million ýewro çykdajy etdim, men sizi işden
çykaryp bilmerin!” Ýaş dellal gulaklaryna ynanmandyr. Bu ýagdaýdan ruhlanyp, ol
indiki ýylyň dowamynda banka 60 million ýewro girdeji getiripdir.