Dünýäde döredilen ilkinji film
Taryhy we dokumental filmler adama dürli asyrlary we ýurtlary, hadysalary we şahsyýetleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de kino dünýäsiniň ilkinji filmleri barada bilmek gyzykly bolsa gerek.
Taryhda ilkinji film 1895-nji ýylda Lumiere doganlar tarapyndan surata düşürilip köpçülige hödürlenen «Otlynyň La Ciotat wokzalyna gelmegi» diýen filmdir. Bu filmde giňişlik duýgusyny döreden otlynyň sagdan çepe geçip, uzakdan nähili peýda bolýandygy aýdyň görkezilipdir.
Awgust Lui Mari tarapyndan esaslandyrylan, dowamlylygy 49 sekunt bolan bu film «Otlynyň gelmegi» ýa-da «Poçta otlusynyň gelmegi» ady bilen görkezilýär.
Bu geň galdyryjy film dünýä ýüzüne ylham beripdir. Netijede, dünýädäki operatorlar beýleki stansiýalara otlularyň gelmegi bilen şuňa meňzeş filmleri döredip başlaýarlar. Mysal üçin, Georges Melies 1898-nji ýylda birbada iki film çykarýar: «Otlynyň Huanwil wokzalyna gelmegi» we «Otlynyň Winsent wokzalyna gelmegi». Kinonyň ilkinji döredilen gününe öwrülen resmi senäniň 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrydygyny bellemelidiris.