Bir uçar ýolagçylygynyň dowamynda akýagyz gelin bilen garaýagyz bir erkek adamyň
oturmaly ýeri bir ýerden düşýär. Akýagyz bu ýagdaýdan rahatsyz bolýar we uçar
ýolbeledinden başga bir ýer soraýar. Ýagny, garaýagyz biri bilen bile oturmak
islemeýändigini aýtýar. Uçar ýolbeledi hem uçarda başga bir boş ýer bolmandygyny, ýöne
uçaryň “VIP” bölüminde ýer tapan halatynda habar etjekdigini mälim edýär.
Uçardaky beýleki ýolagçylar geň galypdylar. Akýagyz gelin görkezen sylanşyksyzlygy
ýetmeýän ýaly, birem uçaryň “VIP” bölüminde ýolagçylygyny dowam etmelidi. Teniniň
reňki üçin sylanşyksyzlyga uçran garaýagyz adam jogap bermän dymmaklygy saýlady.
Akýagyz gelin bolsa, uçar ýolbelediniň getirjek habaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Uçar ýolbeledi birnäçe minut soňra yza döneninde: “Gijä galanym üçin
bagyşlarsyňyz, her näme-de bolsa, uçaryň “VIP” bölüminde ýer tapyp bildim. Hiç kim
biziň uçarymyzda birahat oturmaga mejbur däldir” diýdi.
Uçardaky beýleki ýolagçylar eşidenlerine ynanmadylar we hemmesi geň galdy. Şol bir
wagtyň özünde ýolbelet oturan garaýagyz adama bakyp: “Jenap, sizi uçarymyzyň “VIP”
bölümindäki täze ýeriňize äkideýin, haýyşt edýärin, yzyma düşüň we size görkezilen
sylanyşyksyzlyk üçin-de uçarymyzyň kapitany ötünç soraýar” diýdi.
Ähli ýolagçylar bilelikde bu wakany gowy netije bilen jemläp, uçaryň ekipažyny
şowhun bilen gutladylar. Şol ýylda uçaryň kapitany we ýolbeletler uçardaky eden işleri
üçin sylaglandyryldylar.
“Ynsanlar özlerine eden işiňizi belki unudarlar, emma olara aýdanlaryňyzy asla unutmazlar”. Çünki, tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez.