Älem täsin bilip ýörseň...
Deňiz leňňejiniň (lobster) gany reňksiz bolýar, emma ol kislorod bilen garyşanda gök reňke öwrülýär.
Ösümlikleriň 85%-i deňizlerde ösýär.
Yzlygyna uçup bilýän ýeke-täk guşuň ady Kalibridir.
Ördek kellesini yrgyldatman ýöräp bilmeýär.
Piller gulaklarynyň kömegi bilen bedeniniň temperaturasyny sazlaýarlar.
Atyň we goýnuň göreji gönüburç şekilindedir.
Akulalar kesellemeýärler.
Käşiriň düzüminde hiç hili ýag ýok.
Atlar dik duran ýerinde uklaýarlar.
Krokodiller reňk saýgarmaýarlar. Olar suwuň düýbüne çümmek üçin daş ýuwudýarlar.
Çekirtgäniň ganynyň reňki akdyr.
Kepderiniň süňki onuň ýeleklerinden ýeňildir.
Meduzanyň beýnisi bolmaýar.
Teneçiriň alty aýagy bar, emma ol ýöräp bilmeýär. Teneçir iň çalt uçýan mör-möjek hasaplanýar. Onuň tizligi sagatda 57 kilometre ýetýär.
Mör-möjekler mundan 400 müň ýyl öň peýda bolupdyrlar.
Häzirki wagtda balarylaryň 20 müňe golaý görnüşi mälimdir. Balarylaryň 5 sany gözi bardyr. Üç sanysy kellesiniň ýokarky böleginde, iki sanysy bolsa öň tarapynda ýerleşýär.
Garynjalar hiç wagt uklamaýarlar.
Ýer ýüzündäki guşlaryň görnüşi näçe bolsa (9000), garynjalaryň hem şonça (8800) görnüşi bar.
Mör-möjekler uglewodlara, witaminlere we minerallara baý hasaplanýar. Tailandda olar naýbaşy naharlaryň hatarynda durýar.
Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarda uglerod bar.
Pyrtykal näçe uly bolsa, şonça hem süýjüdir.
Gyzyl balyk infragyzyl hem-de ultramelewşe şöhläni görýär.