D.S
21.05.2021
Dünýä täzelikleri
5
781

70 ýyldan soň suwdan “çykan” oba

Mundan 70 ýyl ozal Italiýanyň demirgazygyndaky dag jülgesinde iki tebigy kölüň ýerinde emeli suw howdany döredilipdi. 1950-nji ýylda bu ýerde gidroelektrik stansiýasy gurlanda Kuron atly oba suwuň aşagynda galypdy. 1000 töweregi ilaty bolan obada 160-dan gowrak jaý bardy. Ýerli ýaşaýjylar goňşy şäherçelerde täze jaýlar bilen üpjün edilipdi. Obanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi bolsa, bu howdanyň golaýynda täze oba gurup, şol ýeri mesgen tutunypdylar. Häzirki wagtda bu oba tebigy gözelligi bilen jahankeşdeleriň arasynda hem meşhurdyr.

Ýaňy-ýakynda suw howdanyndaky abatlaýyş işleri geçirilende, onuň suwy boşadyldy we düýbünde galan oba peýda boldy. Suwuň ýüzünde peýda bolan taryhy diň we beýleki jaýlar täsin gözelligi emele getirdi
abdy_dayy
29 Awgust 2022
Tasin
Kemal_Shajayev
15 Awgust 2022
Hawa asly şol hazar deňiziňem aşagynna şäher bardy ýalňyşmasam
Myhman Myhman
13 Iýun 2022
Hawwa şol Atlantisdi şol
halmyrat_gmail_com
3 Aprel 2022
Dusia, howwa bu dunya gin
Dusia
27 May 2021
Ýitip giden şäherem bardy Atlatik ummanyň düýbünde ýalňyşmasam Atlantis öýdýän ady. Giňdir dünýe geňdir dünýe👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.