guli_
20.05.2021 23:17
Kämahal şeyle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam-
Dyzba - dyz otyryp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"dan,
,,Ýa"harpyna çenli sözläsim gelýär,
Isle zenan adam,isle-de erkek-
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entäk?

Iň bagtly günümde duşupdy biri♥
Sözläpdim,diňläpdim.Giňäpdi göwün
Işimem şowludy,ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...♥


Kämahal şeýle bir dymasym gelýär,
Ne adam küýseýän,ne-de bir gürrüň💔
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,😢
Söýgim♥
Ömrüm🌿
Aladam💔
döwrüm⏳

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek💔
Häp-häzir nähili?Häzirem şeýle
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek😑
7
80
Misss
21 May 2021
👍👍👍❤
guli_
21 May 2021
Hajy_13,Bilmedim oňky dallir yone
Hajy_13
21 May 2021
Kerim agan gosgusymy su
Doctor
21 May 2021
diñe özüm bilen geplesmek gerek!!!! 👍 👍 👍 👍 👍 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.