Guşlar dünýäsi
Gyrgynyň görüş ukyby adamyňka görä sekiz esse ösendir. Şonuň üçin ol kiçijik alakany-da bir kilometr uzaklykdan görüp bilýär.
* * *
Algyryň tizligi awyny awlajak pursadynda sagatda 300 kilometre çenli ýetip bilýär.
* * *
Ýer ýüzündäki iň kiçijik guş bolan kolibri her 10 minutdan iýmitlenýär.
* * *
Gyzylinjik bir aýagynda dik durup uklaýar.
* * *
Pingwin uçup bilmeýän guş bolsa-da, 2 metre çenli bökmäge ukyplydyr.
* * *
Çarlaklaryň duzly suw içmäge ukyply bolmaklarynyň sebäbi olaryň bogaz mäzleriniň duzly suw içmäge uýgunlaşanlygyndadyr.
* * *
Dokuz hepdeläp hiç zat iýmän oňup bilýän imperator pingwini täsin guşdur. Üstesine ol 50—60 gradus sowuga-da çydamlydyr.
* * *
Deňiz guşy albatrosyň ganatlarynyň gerimi 3 metre barabar bolup, ol iň uly ganat gerimli guşdur.
* * *
Togdarylar bilen toklutaýlaryň agramy 20 kilograma barabar bolup, olar uçup bilýän guşlaryň iň agyrydyr.
* * *
Boýy 2 metre, tizligi sagatda 60—70 kilometre barabar bolan düýeguş Ýer ýüzündäki iň uly guşdur.
* * *
Uçup ýören wagtynda guşuň ýüregi minutda 1000 gezek, dynç ýagdaýynda bolsa 400 gezek urýar.
* * *
Guşlar derlemeýärler.
* * *
Leglekler uçup ýören wagtlarynda ýere gonman uklap bilýärler.
* * *
Guşlaryň bedenleriniň ýylylygy adamlaryňkydan 7—8 dereje ýokarydyr.
* * *
Kiwi diýen guşuň ganaty ýokdur.
* * *
Düýeguşuň ýumurtgasy 1,5—2 sagadyň dowamynda bişýär.
* * *
Düýeguş, kiwi, dodo, kazuar we pingwin uçup bilmeýän guşlardyr.