guli_
18.05.2021 15:07
Zenanlar hakyndaky täsinlikler



Dünýä ýüzündäki ähli ilatyň 55 göterimi zenanlardyr.

Dünýä halklarynyň arasynda iň ýörgünli, köp dakylýan zenan ady Annadyr.

Awtoulag sürlende erkek kişiler geçilen ýoluň ugrundaky belgi alamatlaryny ýatda saklaýarlar, zenanlar bolsa, köplenç, dükanlaryň atlaryny we onda goýlan harytlary belleýärler.

Erkek kişiler maglumaty çalt kabul edýärler, şonuň üçin hem çalt netije çykarýarlar.

Zenanlar, köplenç, birnäçe maglumatyň giden bir akymyny kabul edip bilýärler, erkek kişiler bolsa birnäçe işi ýüzugra etmeli bolanlarynda gaharlanýarlar.

Erkek kişiler takyk ylymlary, zenanlar gumanitar ylymlary aňsat özleşdirýärler.

Zenanlar has gürlegendir. Olaryň gürlegenligi beýnide ýerleşýän lezzet beriji merkeziň işleýşi bilen baglydyr.

Ýaş gitdigiçe, erkekleriň beýnisi zenanlaryňka garanyňda, has çalt kiçelmek bilen bolýar. Aslynda bolsa, zenanlaryň beýnisi erkek kişileriňkä garanyňda 10 göterim kiçidir, ýöne bu ýagdaý olaryň intellektine (akyl ýetirişine, aňlaýyş ukybyna) täsir etmeýär.

Zenanlaryň beýnisi işlände, glýukozany köp sarp edýänligi sebäpli, ol has güýçli gyzýar.

Erkek kişileriň we zenanlaryň degişmäni kabul edişleri tapawutlanýar. Erkek kişileri degişmäniň gülküli tamamlanmagy gyzyklandyrýan bolsa, zenanlar degişmäniň umumy many-mazmunyndan, onuň aýdylyşyndan lezzet alýarlar, şeýle hem olar degişmäniň gutaryşyndan erkek kişilere garanyňda has köp lezzet alýarlar.

Zenanlarda guramaçylyk ukyplary has güýçli ösendir.

Erkek kişileriň eşidiş ukyby zenanlara garanyňda belli bir derejede pesdir. Şonuň üçin hem zenanlar has inçe äheňleri hem eşidip bilýärler.

Erkek kişiler gürrüňi logika boýunça kabul edýärler, şonuň üçin hem olar «aýdylan zady eşidýärler», zenanlar bolsa logika (pikirlenme, oýlanma) bilen çäklenmän, eýsem duýgurlygy we syzgyrlygy hem ulanýarlar.

Zenanlar özleriniň tebigaty boýunça has alçakdyrlar we daş-töweregindäki adamlar bilen has çalt umumy dil tapmagy başarýarlar, erkek kişilerde bolsa gahar-gazaply bäsdeşlik agdyklyk edýär. Şonuň üçin hem olar has köp çaknyşýarlar.

Eger-de, ýolda pökgi duran bolsa, erkek kişi ony depip goýberer, aýal adam bolsa ony galdyryp gujagyna alar.

Amerikanyň Aýowa ştatyndaky uniwersitetiň alymlarynyň barlaglarynyň netijesinde, çilim çekmegiň erkek kişilere garanyňda zenanlaryň beýnisiniň işleýşine has güýçli zyýan berýändigi anyklanypdyr.

Zenanlaryň bedenine garanyňda, erkek kişileriň bedeninde 1,5 esse köp deri we ýag mäzleri ýerleşýär.

Zenanlara garanyňda, erkek kişileriň arasynda çepbekeýler üç esse köpdür.

Erkek kişilerde maýyl edijilik gowşak ösendir, şonuň üçin hem olar özlerine ýanýoldaş saýlanlarynda, zenanlaryň daşky gözelligine üns berýärler.

Erkek kişilerde tromblaryň (gan damarlarynda emele gelýän goýy, uýangan) döremek howpy has uludyr. Onuň sebäbi: zenanlaryňka garanyňda erkek kişileriň gany ortaça 15 göterim goýudyr.

Zenanlara garanyňda erkek kişilerde bagryň sirroz keseli bilen 5 esse çalt kesellemek howpy bar.

Zenanlaryň ýüregine garanyňda erkek kişileriň ýüregi bir minutda on urgyny az urýandyr.

Erkek kişileriň beýnisi zenanlaryňka garanyňda uly hem bolsa, olaryň kesele garşy göreşmek ukyby gowşakdyr.

Zenanlaryňka garanyňda erkek kişileriň agyryny duýuş çägi pesdir.

Erkek kişiler belli bir meseläni çözmek üçin, wagtlaryny, köplenç, meýlislerde geçirýärler, sebäbi olarda bu endik has ösendir we gaty gadymydyr. Zenanlar bolsa, tersine, has ýekebara şahsyýetdirler, şonuň üçin hem olar haýsy-da bolsa bir täzeligi ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşýarlar.

Erkek kişiler zenanlara görä, özlerine aşa göwni ýetýän adamlardyr. Mysal üçin, telewizorda görkezilýän haýsy-da bolsa bir sport ýaryşyna tomaşa edenlerinde, gowy görýän toparyna ýeňmäge kömekleşýändirin öýdüp, olara uly janköýerlik edýärler.

Erkek kişiler zenanlara garanyňda egin-eşiklerine o diýen bir uly üns bermeýärler.

Olar toý-tomguda başga biriniň «edil meniňki ýaly egin-eşik geýnenleri bar eken» diýip keýplerini gaçyryp durmaýarlar.

Zenanlara garanyňda erkek kişiler dükanlara aýlanmagy, bazarlamagy o diýen bir halamaýarlar.

Ýigitler gyzlara görä, ünslerini bir ýere has oňat jemläp bilýärler.

Erkek kişileriň 50 göterimden köpüsi zenan gözelliginiň owadan taraplary barada (saçlarynyň we gözleriniň reňki, syraty we ş.m.) gürrüň etmegi halaýarlar, emma hakykatda, olar gyzlaryň iň dürli hililerini hem halap bilerler.

Zenanlara garanyňda, ýigitler nikasyny bozanlaryndan soň, has çalt maşgala gurýarlar.

Erkek kişilere garanyňda, zenanlar aşa syzgyr, duýgur bolýarlar.

Erkek kişiler zenanlara garanyňda, öwgüli sözleri uly begenç bilen kabul edýärler, munuň olara öwgüli sözleriň az aýdylýandygy sebäpli bolmagy mümkin.
8
244
Myhman Myhman
20 May 2021
Gyzlan gowudygyney hayran galdym onem seylemika diyadim yone indi hasam gowy goryan gyzlary
ideallider
19 May 2021
Gulnar_03, gowy şygar aýtdyň😄👍
guli_
19 May 2021
IDEALLIDER,Gyzlara kawagt gyzlaryn ozem dusunenok😅
ideallider
19 May 2021
Gulnar_03, diýmek şu meselede men gyzlara hiçwagt düşünmerin🙂
guli_
19 May 2021
IDEALLIDER,Ozumem seyle meň koynegime menzesi gorsem maňa meňzejek bolya diyyan 😆
ideallider
19 May 2021
Dogurdanam, bir toýda tanşym "Meňkä meňzeş köýnek geýipdir" diýip bütün toý sowulýança keýpsiz gezdi. Beýleki m3ňzeş köýnek geýenem şeýle. Dogrysy menä düşünip bilmedim😏👍
Ovezova_
18 May 2021
👏👏👏🤞👊
Misss
18 May 2021
Zenanlara tay geljek yok😁🖒💜👏👌
guli_
18 May 2021
Zenanlar ot:lay okan soňyna çenli yaltanman gaty gyzykly✌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.