Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň,
Onda ilki öz özüňi derňäp gör,
Özüňden özgäni görmän geçmede,
Il üçinem bir salymjak eňräp gör.
Maňa düşünjegiň çynlakaý bolsa,
Agraldyber egniňdäki ýüküňi.
Käte käte garşy gidip özüňe,
Özgä uzat öz iýmeli hakyňy.
Almagama ýaman närse däl welin,
Bermegiňde lezzeti bar, ynanaý.
Bu dünýäde täsin zatlar bolýandyr,
Bir gezejik bereniňe begenäý.
Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň,
Gara-ha gara diý, agada ak diý.
Ikisiniň ýerin çalşyr diýseler,
Meniň bir ýüzüm bar ikisi ýok diý.
Ýeňil günde guwdurama, hekgerme,
Agyr günde egin gysma, müzzerme.
Ejize-de, asgyna-da ýüz beräý,
Bir özüňden ökdelere ýüz berme.
Beýge galdygyňça pes tut päliňi,
Aýlaw hile nämä gerek çaga bol
Duşman duşmandygny gizläp duranok,
Heran haçan dostsumakdan ägä bol.
Aldamaga aýp zadam görlenok,
Dönüklik etseler şony aýp gör.
Özüňi oda ur diýmäýin welin,
Gerek bolar, mahal mahal köýüp gör.
Hawa, maňa düşünjegiň çyn bolsa,
Ynsabyňy barja zatdan gymmat gör.
Gözel ýerler kändir welin dünýäde,
Göbek ganyň daman ýerin jennet gör.
Şu şertleri berjaý edip biläýseň,
Maňa az-kem düşünmegiň mümkündir.
Görşüň ýaly, juda geň-taň adam men,
Hawa, men tetellä düşünmek kyndyr.