Ýat­keş­lik – ze­hin par­ça­sy
17.05.2021
1
Peýdaly
18
1 265

Ýat­keş­lik – ze­hin par­ça­sy


Ada­myň ýat­keş bol­ma­gy oňa te­bi­gy taý­dan ber­len ze­hi­niň par­ça­sy­dyr. «Bir ge­zek oka­nym­da ýa­dym­da gal­ýar» di­ýip, en­çe­me bent goş­gy­ny ýat­dan aý­dyp bil­ýän adam­la­ra, dog­ru­dan-da, aý­dy­ly­şy ýa­ly, tel­pek goý­ýar­syň. Bir goş­gy­ny kän ge­zek ýat­dan aý­dyp gö­rüp, öz ýat­keş­li­gi­ňi bar­lap gör­mä­ge sy­na­nyş­ýar­syň. Şon­da es­li sa­par­ky gaý­ta­la­ma­lar­dan so­ňam kürt­dü­rip dur­ma­gyň se­niň ýat­keş­li­giň ýa­by­gor­lu­dy­gy­ny, ýag­ny bi­raz pes­räk­di­gi­ni aýan edip be­räý­ýär.
Dur­muş­da, dog­ru­dan-da, te­bi­gy ýat­keş adam­lar bol­ýar. Olar maş­ga­la­syn­da­ky, hat­da iş ýe­rin­dä­ki adam­la­ryň dog­lan gün­le­ri­nini hem do­ly ýat­dan bil­ýär­ler. Ýat­keş­lik­de­nem daş­ga­ry, aňy­ňa ýa­zýan kä­bir zat­lary ömür­lik ýa­dyň­da gal­ýar. Şo­nuň üçi­nem, biz kä­te haý­sy­dyr bir za­dy göz öňün­de tu­tup, «Men ony gi­je tu­ru­zyp so­ra­sa­lar hem aý­dyp bil­jek» diý­mek bi­len, onuň aňy­my­za my­da­ma­lyk ýa­zy­lan­dy­gy­ny aýd­ýa­rys.

Ýat­keş­lik, esasan hem, sy­nag­lar­dan üs­tün­lik­li geç­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem, ol sah­na us­sat­la­ry­na üs­tün­lik ge­tir­ýän zat­la­ryň bi­ri­dir. Se­bä­bi aý­dym­çy sa­zyň, şeý­le hem, fo­nog­ram­ma­nyň kö­me­gi bi­len ýa­dyn­dan çy­ka­ran sö­zü­ni baş­ga söz bi­len çal­şyp hem bi­ler. Ýö­ne sah­na­da akt­ýo­ryň aýt­ma­ly sö­zü­ni ýat­dan çy­kar­ma­gy ony kyn ýag­da­ýa sa­lyp bi­ler. Se­bä­bi ar­tis­tiň ag­zyn­dan çyk­jak her bir sö­zü­ni dyk­gat bi­len diň­läp, ýüz­ler­çe göz ga­rap otyr.
Ýat­keş­lik ada­ma ze­rur zat­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçi­nem, adam­lar ýat­keş­li­gi­ňi ös­dür­ýän maşk­lar edip, luk­man­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny diň­läp, şol ba­bat­da peý­da­ly bo­lan gök önüm­le­ri iý­mä­ge ýyk­gyn ed­ýär­ler.

Ýat­keş­lik belli bir derejede ada­my­ň özü­ne bag­ly­. Ýatdan hasaplamagy we pikirlenmegi talap edýän zehin oýunlaryny oýnamak, kitap okamak ýaly usullar arkaly beýnini tür­gen­le­şdirip, ýatkeşligi güýçlendirip bolýandygy bellenilýär.

Gö­zel SE­ÝI­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag
kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Nähili gök önumler peýdaly???
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
Dusia, dynan bolsan bolyar gutlayan
Myhman Myhman
29 Noýabr 2021
Bu meselede meniň maslahatym hem edýän amalym kitap okamak. Çünki, adam kitap okanda ol gürrüň berilýän ähli wakany ýatda saklamaklyga çalyşýar
Dusia
27 May 2021
Hawa şu ýyl klinikany gutardyk bolly dyndyk
didka_777
27 May 2021
Dusia,oha bize zacotdy. Mena kan halamkdm zacot bolanynamy blmk. Hacan shu yylmy exam
Dusia
27 May 2021
Exam bar şondan

Gutaryas nesip bolsa
didka_777
27 May 2021
Siz shumadam gecyanzmi
Dusia
27 May 2021
didka_777, latyn gyzykly
didka_777
27 May 2021
Yakynlapdyryn😃
Dusia
27 May 2021
Gaýtalamak ylymyň enesidir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.