Sues kanaly giňeldiler
Müsüriň çäginden geçýän, halkara deňiz gatnawyny ep-esli derejede azaldýan Sues kanalynyň giňeldiljekdigi mälim edildi. Şu ýylyň mart aýynda Ortaýer deňiz bilen Gyzyl deňziň aralygyndaky kanalda “Ever Given” atly äpet konteýner gämisi batyp, 6 günläp deňiz gatnawynda bökdençlik döredipdi. Bu bolsa, halkara ýük gatnawynda gijikmelere sebäp bolupdy. Şeýle ýagdaýyň öňüni almak we iki taraplaýyn gatnawy ýola goýmak maksady bilen kanalyň käbir ýeri giňeldiler we çuňlaşdyrylar. Sues kanalynyň edarasynyň başlygy (SCA) Usame Rabie kanalyň ikitaraplaýyn gatnawynyň amala aşyrylýan 30 kilometrlik böleginiň giňligini 40 metr we çuňlugyny 10 metr artdyrjakdyklaryny mälim etdi. Bu taslama iki ýylda durmuşa geçiriler.
1869-njy ýylda açylan kanal häzire çenli birnäçe gezek giňeldildi we çuňaldyldy. Halka deňzi söwdasynyň 12 göterimi bu kanal arkaly amala aşyrylýar. Aziýada we Okeaniýadan Ýewropa barýan gämiler Afrikanyň daşyndan aýlanmazdan, bu kanaldan geçip, ýoluny ep-esli azaldýarlar.