guli_
15.05.2021 16:12
Täsin şekilli gül



Bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýän orhideýa gülleri özleriniň täsin şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Ylymda bu gülleriň otuz bäş müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan bu gülleriň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri hem bardyr. Şol görnüşleriň birine hem maýmyn orhideýasy diýilýär.

Maýmyn orhideýasy iň täsin hem-de seýrek duş gelýän güldür. Olar Merkezi we Günorta Amerikanyň dag gerişlerinde deňiz derejesinden 1500 — 2500 metr belentlikde ösýär. Asyl mekany Ekwador hasaplanýar, sebäbi bu ýerde maýmyn orhideýasynyň birbada birnäçe görnüşi gabat gelýär. Täsin gülüň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Olar reňki, müçesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Peru, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Meka, Nikaragua, Gonduras, Panama ýaly ýurtlarda maýmyn orhideýasynyň haýsy-da bolsa bir görnüşi ösýär.

Täsin orhideýa ilkinji gezek botanik Benedikt Roeneliň gözüne ilýär. Gülleri ýakyndan öwreniji Genrih Raýhenbah olara haýran galmak bilen «maýmyn orhideýasy» diýip at beripdir. Gülüň birnäçe görnüşini-de Ýewropa getiripdir.

Üç sany gül ýapragy uzagrakdan seredeniňde, hakykatdan-da, maýmynyň ýüzüne çalym edýär. Bu orhideýa daragtlaryň düýbünde ösýär. Özem ynjyk, näzik güller. Olar yssy howa çydamsyz. Gün şöhlesini halamasa-da, ýagtylygy talap edýär. Alakölegede has oňat ösýär. Düýbi yzgarka kadaly boý alýar, gurak ýagdaýda guramak bilen bolýar. Şonuň üçin maýmyn orhideýasy, köplenç, tokaýlaryň gyralarynda gözüňe ilýär. Ýylyň islendik möwsüminde, 12-25 derejedäki salkyn howada gülläp bilýär.
8
66
Ovezova_
15 May 2021
Tasin👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.