Turkmenyigidi
14.05.2021 16:37
Tesla şu ýylyň birinji çärýeginde esasy görkezijiler boýunça uly ösüş gazandy. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Hasabat döwri üçin girdeji 10,39 mlrd dollara ýetdi. Bu geçen ýylyň birinji çärýeginiň netijesi bilen deňeşdirilende 74% ýokarydyr. Şonda bu görkeziji 5,99 mlrd dollara deň bolupdy. Arassa girdeji 438 mln dollar ýa-da bir gymmatly kagyz üçin 39 sent bolup, bu birinji çärýek üçin rekord görkezijidir. Deňeşdirip görsek, bir ýyl mundan öň Tesla 16 mln dollar ýa-da paýnama üçin 2 sent gazanypdy.
Üç aýyň içinde kompaniýa Model 3 we Model Y elektromobilleriniň 184 müň töweregini alyjylara iberdi. Şol bir wagtyň özünde bu döwürde has gymmat Model S we Model X ulaglary öndürilmedi, olaryň üpjünçiligi ammar ätiýaçlyklaryndan 2020 sany boldy.
Maskyň aýtmagyna görä, Tesla maý aýynda Model S sedanynyň täze wersiýasyny iberip başlar. Täzelenen Model X krossoweriniň iberilişini bolsa üçünji çärýekde ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Tesla şu ýyl Model S we Model X-iň hepdelik önümçiligini 2000 birlige ýetirmekçi. Umuman, kompaniýa şu ýyl elektromobiller bilen üpjün etmegiň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 50%-den gowrak ýokarlanmagyna garaşýar. Bu şu ýylyň jemi boýunça, üpjünçilik sanynyň azyndan 750 müňe ýetjekdigini aňladýar.
7
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.