Turkmenyigidi
13.05.2021 10:33
Alymlar batareýalaryň ömrüni uzaltmaga ukyply tehnologiýany oýlap tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Smartfon batareýalarynyň hemmesi ir-u-giç hatardan çykýar. Bir ýyllap işjeň ulanylanda, olar asyl kuwwatynyň, takmynan, 5-10%-ini ýitirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýapon ylmy barlagçylary batareýalaryň zaýalanmagyny haýallatmaga kömek edýän materialy ýüze çykardylar. Bu materialyň kömegi bilen batareýalar özleriniň asyl kuwwatynyň 95% -ini bäş ýyl we ondanam köp wagtlap saklaýarlar. Munuň özi smartfonlaryň öňküsinden has uzak wagtlap kynçylyksyz ulanylyp bilinjekdigini aňladýar.
Täze tehnologiýa diňe bir sarp edijiler üçin däl, eýsem, öndürijiler üçin hem peýdaly bolup biler. Mysal üçin, “Apple”, “Xiaomi” we “Huawei” ýaly kompaniýalar elektrik ulagy bazaryna çykmagy meýilleşdirýärler. Bu açyş bolsa olarda ulanylýan uzak ömürli batareýalar babatda saldamly goşantdyr.
7
53
Ovezova_
13 May 2021
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.