M.M
11.05.2021
Habarlar
3
423

Ýyldyrymlaryň atmosferany arassalaýandygy anyklanyldy

Alymlar ýyldyrymlaryň hem-de göze görünmeýän atmosfera elektrik energiýalarynyň köp mukdarda gidroksil (-OH) we gidroperoksil (-HO2) radikallaryny döretmäge ukyplydygyny, ýagny atmosferany arassalaýandygyny görkezdiler.

Owadan ýyldyrymdan başga-da, atmosferada göze ilmeýän hem-de kameralarda görünmeýän elektrik täsirleşmeleri hem bolup bilýär. Bu hadysalaryň netijesinde suw molekulalarynyň bozulyp, radikallary emele getirýändigi ýüze çykdy.
Mälim bolşy ýaly, gidroksil radikaly atmosferada möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Mysal üçin, ol himiki reaksiýalary döredýär we bug gaz metany ýaly molekulalary bozýar. -OH atmosferadaky köp üýtgeşmeleriň esasy hereketlendirijisi bolup durýar, emma şeýle-de bolsa, henize çenli onuň esasy çeşmeleri näbelli bolmagynda galýar.
Barlagçylar täze işlerinde 2012-nji ýylda Kolorado we Oklahomanyň üstünden uçan uçarda oturdylan enjam arkaly alnan maglumatlary seljerip, tupan we ýyldyrym sebäpli atmosferada ýüze çykan himiki üýtgeşmeleri öwrendiler. Mundan 9 ýyl ozal barlagçylar bu görkezijilere kän ähmiýet bermediler. Häzir bolsa olara tötänden gidroksil we gidroperoksil radikallarynyň signallarynyň üstünden bardylar.

 Alynan çeşmesi:www.nauka.tass.ru 

gurbanmuhammedowna
18 Iýul 2022
tasin gyzykly wakalar
Myhman Myhman
29 Iýun 2022
Gaty gowy maglumat
Myhman Myhman
29 May 2022
Bolup biler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.