10.05.2021
Duzuň aşa köp kabul edilmegi her ýyl 3 mln adamyň ýogalmagyna sebäp bolýar
Dünýäniň ýaşaýjylarynyň köpüsi BSGG tarapyndan maslahat berlen günde 5 gram duzdan iki esse köp kabul edip, ýürek-damar kesellerine we insult howpuna duçar bolýarlar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär.
BSGG-niň hasaplamalaryna görä, duzy köp kabul etmegiň netijesinde ýüze çykýan ýürek-damar kesellerinden we insultdan her ýyl, takmynan, 3 mln adam ýogalýar.
“Bize ýurtlaryň duzy kabul etmegi azaltmak boýunça syýasaty işläp düzmegi we adamlara azyk önümlerini dogry saýlamagy üçin zerur maglumatlary bermegi gerek” – diýip, BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.
Şunuň bilen baglylykda, BSGG 60-dan gowrak iýmit kategoriýasynda natriý düzüminiň global görkezijileri bilen bagly tekliplerini neşir etdi. Bulara, esasan, gaýtadan işlenen we gaplanan çörek, duzly iýmitler, et önümleri we peýnir degişlidir.
BSGG-niň ylalaşylan global görkezijileri ýurtlara önümlerdäki duzuň mukdaryny kem-kemden nähili azaldyp boljakdygyny görkezer. Bu BSGG-niň 2025-nji ýyla çenli dünýäde duzuň kabul edilişini 30% azaltmak boýunça maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berer.
“Iýmitde natriýniň aşa köp bolmagy gan basyşyny ýokarlandyrýar we netijede, ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny güýçlendirýär” – diýip, hünärmenler belleýärler. Duzuň kabul edilmegini azaltmak bu howpy, şeýle-de hroniki böwrek, bagyr keselleriniň, semizligiň we aşgazan rak keseliniň döremek howpuny peseldýär.