Amerikan kompaniýasy “Virgin Hyperloop” 2027-nji ýylda sagatda 1200 kilometre çenli tizlik bilen syýahat etmek üçin kapsulalary täjirçilik taýdan ulanmagy meýilleşdirýär.Newada çölünde eýýäm syýahat tuneli bar.
Kapsulalar magnit göterijini ulanyp,wakuum tunelleriniň üsti bilen aşa ýokary tizlikde hereket eder.Döredijiler ýolagçynyň nukdaýnazaryndan tizligi alanda uçýan uçara meňzejekdigini aýdýarlar.
Bir kapsula 28 adam üçin niýetlenendir we gysga hem uzak aralyklara uýgunlaşdyrylyp bilner. Döredijiler şeýle kapsulalaryň ornaşdyrylmagynyň awtoulaglaryň,otlylaryň we uçarlaryň görnüşi ýaly öwrülişikli boljakdygyna ynanýarlar.
Virgin Hyperloop,ulag ulgamynyň dyknyşykly Hindistanda we adaty transport infrastrukturasy bolmadyk Saud Arabystanynda ilkinji ýolagçy ugurlaryny ösdürmegi meýilleşdirýär