38 ýyldan soň tapyldy
Awstraliýanyň hem-de Demirgazyk Amerikanyň alymlary Indoneziýada ägirt uly Uolles (Megachile pluto) arysyny gözlediler. Iň soňky gezek perdeganatlylar maşgalasyna degişli arynyň bu görnüşini 38 ýyl mundan ozal görüpdiler. Bu barada «Guardian» gazeti habar berýär. 4 santimetr ululygyndaky ary ýerden 2 metr belentlikde agaçda gurlan termitnikde tapyldy. Örän uly hem-de owadan. Onuň ganatlarynyň sesini eşitmek mende haýran galyjylyk duýgularyny döretdi diýip, bu aryny ilkinji gezek surata düşüren fotosuratçy Keýl Bolt gürrüň berýär. 1859-njy ýylda naturalist Alfred Uoller bu ägirt uly arynyň aýratynlyklaryny teswirlän ilkinji alymdyr. «Megachile pluto» dünýäde iň uly ary hasaplanýar. Onuň bedeniniň uzynlygy 4 santimetre, ganatlarynyň gerimi 6 santimetre deňdir. Olar uly äňleri bilen ösümliklerdäki şepbikleri ýygnap, termitnigiň içinde özlerine öý ýasaýarlar.