Parasat, pähim, paýhas
Hakyky terbiýäniň maksady adamlara diňe bir gowulyk etmegi däl, gowulyk edip begenmegi, diňe bir arassa bolmagy däl, arassaçylygy söýmegi, diňe bir adalatly bolmagy däl, adalatly ýaşamagy öwretmekdir.
Eger sen bedeni berkitmegi, gaýraty artdyrmagy, ýüregi mähremlendirmegi, akyly ýiteltmegi, paýhasy durlamagy başarýan bolsaň, diýmek, sen hakyky terbiýeçisiň.
Eger-de bir adam ýaşlygynda irginsiz tankyt astynda terbiýe alsa, onda ol soňam töweregindäkilerden närazy, tankytçy adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda öýke-kineleriň arasynda terbiýelenen bolsa, onda ol öýkelek, dawaçyl adam bolar.
Eger-de bir adam ýaşlygynda kemsidilip, üstünden gülnüp terbiýelenen bolsa, soň ol utanjaň, çekinjeň, ýygra adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda köp utandyrylyp ulaldylan bolsa, ol soň mydama özüni günäkärläp ýören, sussupes adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda känbir garşylyk görmän, öwgi içinde terbiýelense, ol adam ulumsy bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda mähir bilen düşünişmek arkaly terbiýelenen bolsa, ol soň sabyrly adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda mydama goldaw berlip, götergilenip terbiýelenilen bolsa, ol soň özüne ynamly adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ýaşlygynda söýlüp we töweregindäkileriň göwnünden turmak häsiýeti bilen terbiýelense, ol soň hem töweregindäkileriň oňat işlerine gowy baha bermegi başarýan adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam hak-hukugyna hormat goýlup terbiýelense, ol soň adalatly adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam ynam içinde terbiýelense, ynamdar adam bolup ýetişer.
Eger-de bir adam dostluk duýgusynyň içinde terbiýelense, agzybir ýaşamaga ukyply adam bolup ýetişer.